B G H I P S T Y

B

BAZEL KONWENSIÝASY/БАЗЕЛСКОЕ СОГЛАШЕНИЕ/BASEL CONVENTION - Bank gözegçiligi, kanunçylygy, düzgünleri, düzgünleşdiriji kadalary barada halkara ylalaşygy.

BERKIDILEN DURMUŞY MAÝA GOÝUMLARY/СОЦИАЛЬНO- ФИКСИРОВАННЫЕ КАПИТАЛЬНЫЕ ВЛОЖЕНИЯ/ SOCIALLY-FIXED CAPITAL INVESTMENTS - Jemgyýetiň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, girdeji gazanmak maksady göz öňünde tutmaýan, gös-göni döwlet tarapyndan amala aşyrylan maýa goýumlar.

G

GÖRKEZIJI GAZNASY/ИНДЕКСНЫЕ ФОНДЫ/ INDEX FUNDS - Biržanyň dereje görkezijileriniň ýagdaýyna göra görkezijileriň degişli bolan paýnamalardan düzülen sebedi (paýnamalar toplumy) dolandyrylýan gazna.

H

HYZMAT/ УСЛУГА/ SERVICE - Maddy häsiýeti bolmadyk, alyş-satyşy amala aşyrylyp bilinýän önüm. Hyzmatlar iş, maslahat beriş iş we ş. m. görnüşinde ýüze çykýar. Dürli görnüşleri bardyr. Mysal üçin, lukmançylyk hyzmaty, aklawçylyk hyzmaty, bejeriş, arassalaýyş hyzmatlary.

I

INFRASTRUKTURA/ ИНФРАСТРУКТУРА/ INFRASTRUCTURE - Ähli pudaklaryň, şol, pudaklara girýän kärhanalaryň we guramalaryň, olar tarapyndan adamlaryň ýaşaýyş şertleri, önümçüligiň we haryt dolanyşygynyň üpjün edilmegi üçin alnyp barylýan işleriň jemi. Kä halatlarda infrastruktura ylym-bilimi saglygy saklaýşy hem goşýarlar. Mundan başga ulag, bazar infrastrukturasy hem bar.

IŞ MEÝILNAMASY/ БИЗНЕС ПЛАН/ BUSINESS PLAN - Kärhananyň önümçilik işiniň ösüşiniň meýilnamasy.

P

PEÝDALYLYK/ ПРИБЫЛЬНОСТЬ/ PROFITABILITY - Kärhananyň belli bir döwrüň dowamynda gazanan peýdasynyň şol döwürde ulanan maýasyna bolan gatnaşygy. Başgaça, düşewüntlilik diýlip hem atlandyrylýar. Düşewüntlilik köp dürli bolup adatça, peýdanyň harajatlara bölünmesi bilen hasaplanylýar.

S

STEND - BAÝ DÜZGÜNLERI/ ПОЛОЖЕНИЯ ”СТЕНД-БАЙ”/ STAND BY CREDIT - Halkara pul gaznasyny we durnuklaşdyrma maksatnamasyny durmuşa geçirýär. Agza ýurtlaryň arasyndaky karzlary düzgünleşdirýän ylalaşyk.

T

TOPARLAÝYN GAZNA/ КОЛЛЕКТИВНИЙ ФОНД/ COLLECTIVE FUND; COLLECTIVE INVESTMENT FUND - Gymmatbaha kagyzlara serişdeleri goýmak we bankyň trast müdirligini ýa-da trast kompaniýasyny dolandyrmak üçin aýratyn trast hasaplary birleşdirýän gazna.

Y

YNAMY GAÝTADAN DIKELTMEK/ ВОССТАНОВИТЬ ДОВЕРИЕ/ RESTORE CONFIDENCE - Mysal üçin, köpçülikleýin bank batyp galmalarynyň, ýokary derejede pul hümmetsizlenmeginiň we ş.m. netijesinde banklara, maliýe ulgamyna bolan ynamyň gaçmagyndan soňra olara bolan ynamyň gaýtadan dikeldilmegi.