ARTÝAN GAÝDYP GELMELER /ВОЗРАСТАЮЩАЯ ОТДАЧА/INCREASING RETURN

Önümçilik harajatlarynyň artdyrylmagy bilen öndirilýän önümleriň möçberiniň hem artmagy, şunda öndürilýän önümleriň artyş derejesi önümçilik harajatlarynyň artyş derejesinden ýokary bolmaly. Eger harajatlaryň ösüşi önümçihgiň ösüşine deň bolsa, durnukly gaýdyp gelme,  harajatlaryň ösüşi onümçiligiň ösüşinden ýokary bolsa, kemelýän gaýdyp gelme ýüze çykýar. Artýan gaýdyp gelmede bir önümi öndürmek üçin edilýän harajat, ýagny ortaça harajat azalýar. Durnukly gaýdyp gelmede üýtgeşme ýüze çykmaýar, kemelýän gaýdyp gelme ýagdaýynda bolsa, ortaça harajatlaryň möçberi ýokarlanýar.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.