ARTYKMAÇ HUKUKLY KARZ ALYJYLAR/ПРИВИЛЕГИРОВАННЫЕ ЗАЕМЩИКИ/ PREFERRED BORROWERS

Ýeňillikli şertlerde karzlaşdyrylmak barada artykmaç hukuga eýe bolan karz alyjylar (olar üçin artykmaç hukukly göterim derejeleri, ilkinji nobatda we ýeňillikli karz alma, karzyň gaýtarylmadyk ýagdaýynda ýeňillikleriň berilmegi ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulyp bilner). Adatça, ösýän ykdysadyýetlerde beýle karz alyjylara hökümetiň pudak edaralary, döwlet kärhanalary, eksport edijiler daýhan hojalyklary, döwlet kömegine mätaç bolan sebitler we ş.m. beýlekler degişli bolup bilerler. Iňlis dilinde “privileged borrowers” diýilýär.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.