ARTYKMAÇ MÖÇBER/ИЗБЫТОЧНЫЙ ОБЪЕМ/ EXCESS VOLUME

Öndürilen, emma hiç bir zerurlyk üçin ulanylmaýan, ýagny artykmaç öndürilen önüm, şeýle hem meýilnamada göz öňünde tutulan önümçiligiň möçberi bilen hakyky öndürilen möçberiniň arasyndaky tapawudy hem aňladýar. Artykmaç möçberiň emele gelmeginiň esasy sebäpleri bazary öwrenmek boýunça geçirilen marketing gözlegleriň ýalňyş netije bermegi, çig mal ýetmezçiligi we ş.m. bolup biler.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.