ARTYKMAÇ TEKLIP/ИЗБЫТОЧНОЕ ПРЕДЛОЖЕНИЕ/ EXCESS SUPPLY

Belli bir bazarda önüm öndürijileriň satuwa çykaran önümleriniň möçberiniň isleg bildirilýän möçberinden köp bolmagy. Artykmaç teklibiň ýüze çykan ýagdaýynda, başga bir täsirleriň netijesinde önümleriň bahalarynyň arzanlamagyna we netijede islegiň we teklibiň deňleşmegine garaşylýar.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.