AÇYK DEŇIZ/ОТКРЫТОЕ МОРЕ/HIGH SEAS

Haýsydyr bir aýratyn döwletiň çäginde ýerleşmeýän we hiç bir döwletiň ygtyýarynda bolmadyk halkara deňiz giňişligi. Bu deňiz giňişliklerinden ähli döwletler halkara hukugynyň çäklerinde deň derejede peýdalanýarlar. Açyk deňiz giňişliklerinde hereketler döwletara ylalaşyklar boýunça düzgünleşdirilýär.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.