BAHA GURLUŞY/УСТАНОВЛЕНИЕ ЦЕН/PRICE FORMATION

Gymmatbaha kagyzyň bahasy belli bir ösüş depgininiň çyzygy boýunça hereket edýär. Az wagtdan soňra bu ösüş depgini togtaýar we bahalar başga ugra gönüden-göni ösüş depgininiň çyzygy boýunça hereket edip başlaýarlar. Bu dürli ugurly baha ösüşiniň çyzyklary belli döwrüň dowamynda çyzgyda geometriki şekili emele getirýärler. Şol şekillere görä-de baha ösüş depginleriniň gurluşyna dürli at berýärler. Bu gurluşlar maýadarlaryň bazar ýagdaýyny öwrenmekleri we dogry netije çykarmaklary üçin zerurdyr.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.