BALANS/БАЛАНС/BALANCE

Bir kärhananyň, guramanyň belli bir döwürdäki maddy we maliýe gymmatlyklarynyň çeşmelerini we ol gymmatlyklaryň haýsy ugra goýlandygyny görkezýän maliýe resminama. Aktiw we passiw taraplardan düzülýär. Balansyň aktiw tarapynda kärhanada bar bolan gymmatlyklar, algylar, ýitgiler bar bolan pul serişdeler görkezilýär. Passiw tarapynda bolsa karhananyň bergileri we hususy serişdeleriň çeşmeleri görkezilýär. Balansyň aktiw we passiw taraplarynyň pul möçberiniň jemi deň bolmalydyr.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.