BANK ÄTIÝAÇLYKLARY/БАНКОВСКИЕ РАЗЕРВЫ/ BANK RESERVES

Gelejekde ýüze çykyp biljek dürli harajatlaryň we zyýanlaryň öwezmi dolmak üçin her ýyl bankyň girdejisinden aýrylýan serişdeler. Kanunalaýyklykda paýdarlar şereketi görnüşindäki banklar arassa girdejisiniň 5% bölegini ätiýaçlyk serişdelerine gönükdirýar, bu bankyň esaslandyryş maýasynyň 20% möçberine ýetýançä dowam edýar. Şeýle hem arassa girdejinin ýene 5 % bölegi mümkin bolan ýitgiler üçin aýrylýar. Bu serişdeler hem tä bankyň esaslandyryş maýasynyň möçberi bilen deňleşýänçä ýygnalmagyny dowam edýar. Ätiýaçlyk serişdeleriniň ählisiniň döwlet gymmatbaha kagyzlaryna gönükdirilmegi hökmanydyr. Bank gymmatbaha kagyzlaryň gornüşini erkin saýlap bilýär.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.