BANKARA GOÝUM/МЕЖБАНКОВСКИЕ ДЕПОЗИТЫ/INTERBANK DEPOSITS

Banklaryn öz aralarynda amala aşyrýan goýumlary. Beýleki goýumlardan tapawutlandyrmak üçin aýratyn hasapda ýöredilýär. Bankara goýumlara Merkezi bankyň goýumlary, ýurduň içindaki we daşyndaky banklaryn goýumlary, banklaryň gündelik hasaplaryndaky oňyn galyndylar, banklaryň daşary ýurt puluna çalşylyp bilinýän mllli puldaky hasaplary we başgalar degişlidir. Emma bir bankyň bölümleriniň, şahamçalarynyň arasyndaky goýumlar bankara goýumlara degişli däldir.