BANKARA PUL BAZARY/МЕЖБАНКОВСКИЙ ДЕНЕЖНЫЙ РЫНОК/INTERBANK MONEY MARKET

Hasabat operasiýalarynda bankara pul bazarynyň üsti bilen berlen pul serişdeleriniň ýöredilýan hasaby. Merkezi bankyň gözegçiligindaki pul bazarynyň bir bölegi hökmünde banklaryn biri-birlerine karzyna bermek üçin hödürleýän pul serişdeleriniň bazary bankara pul bazary diýlip atlandyrylýar. Pul serişdeleri artyk bolan banklar artykmaç pul serişdelerini gysga möhlet bilen, Merkezi bankyň üstünden ýerleşdirýärler. Pul serişdeleri ýetmezçilik edýän banklar bolsa bu pul serişdelerini Merkezi bankyň üstunden karzyna alýarlar.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.