BASYLAN GÖTERIM DEREJELERI/ПОДАВЛЕННАЯ ПРОЦЕНТНАЯ СТАВКА/ SUPPRESSED INTEREST RATE

Bazar derejesinden emeli peseldilen göterim derejeleri. Köplenç pul hümmetsizlenmesiniň ýokary derejelerinde maliýe aktiwleriniň bahasynyň peselmegine getirmek bilen, oňyn bolmadyk täsire eýedir. Göterim derejeleri dolandyryş gözegçilik usullary (göterimleriň iň ýokary çägini kesgitlemek, bank göterim tapawutlaryna göni çäklendirmeler girizmek we ş.m) arkaly emeli peseldilip bilner.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.