BAÝDAK EMELE GELMESI/ФОРМИРОВАНИЕ ФЛАГА/FLAG FORMATION

Tehniki analizde ulanylýan çyzgylaryň biri. Bahalaryň ýokary depginde ösýan ýa-da peselýän döwründe ösüşiň ýa-da peselişiň gysga wagtlyk haýallanmasyny aňladýar. Bahalaryň derejesiniň ösýän ýa-da peselýän ýagdaýynda ýüze çykýar, baýdak emele gelmesinde bahalar dik çyzyga golaý çyzyk çyzyp, üýtgeýärler, şol arada hem ösüşiň haýallanmagy ýa-da togtamagy bilen çyzgyda ýatgyn tolkunlar emele gelýär. Gysga wagtlyk haýallamadan soňra bahalar ýene-de güýçli ýokarlanmagyny ýa-da aşaklanmagyny dowam etdirýär. Baýdak emele gelen wagtynda adatça baha çyzygy haýal ösýän ýa-da haýal peselýän görnüşe eýe bolýar. Şeýle hem, bahalaryň özgerişiniň togtamagy bilen doly ýatgyn görnüşinde-de bolup biler.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.