BAZAR DÖREDIJI/СОЗДАТЕЛЬ РЫНКА/ THE MARKET MAKER

Maliýe bazarlarynyň ýa-da biržanyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen dowamly alyş-satyş işleri üçin bahalary bellemäga mejbur bolýan adam ýa-da gurama. Bazary döredijiler belli paýnamalaryň bahalaryny durnukly saklamak maksady bilen gymmatbaha kagyzlar biržasynda şol paýnamalaryň bahalary arzanlan wagty olary satyn alýarlar we gymmatlan wagty hem satýarlar. Bazar döredijileriň bu işi ýerine ýetirip bilmekleri üçin olaryň paýnamalara eýeçilik etmäge ýa-da paýnamalary öz atlaryndan satmaga ygtyýary bolmalydyr. Olar biržalarda söwdasy edilýän gymmatbaha kagyzyň belli-bellilerini saýlap alyp, şol gymmatbaha kagyzlaryň söwdasyna kämilleşýärler we bazary döredijä öwredýärler. Bazaryň iň kynçylykly şertlerinde hem alyş-satyş bahalaryny kesgitläp, bazaryň elýeterliligini üpjün edýärler. Käbir biržalarda elektroniki operasiýalara derek bazary döredijileriň üsti bilen söwda edilýär. Beýle biržalaryň iň bellileriniň biri NYSEdir. (Nýu-Ýork gymmatbaha kagyzlar biržasy).

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.