ADAT/ОБЫЧАЙ/CUSTOM

Halkara hukugynyň bir çeşmesi. Halkara hukugynyň beýleki esasy çeşmesi bolsa Halkara şertnamalarydyr. Adatlar belli-belli hereketleriň dowamly gaýtalanmagy netijesinde emele gelýärler. Emma gaýtalanýan hereketleriň dowamly bolmagy (köp gezek gaýtalanmagy), umumy ulanylyşa degişli bolmagy we kähalatlarda hem oňyn bolmadyk hereketleri hem öz içine almagy hökmandyr. Bu hereketleriň hukuk borjunyň we zerurlygyň esasynda amala aşyrylmagy gerekdir.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.