AKÝU ÝURTLARY/СТРАНЫ АКТ/AFRICAN, CARIBBEAN AND PACIFIC COUNTRIES

Lome şertnamasy esasynda, Ýewropa ykdysady bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ýola goýan Afrika, Karib basseýini we Ýuwaş ummany döwletlerini öz içine alýar. Bu döwletler önümleriň eksportyndan gelýän girdejilerinde durnuksyzlygyň ýüze çykmasynyň öňüni almak üçin maliýe kömegini sorap, ÝYB-a ýüz tutup bilýärler. Şeýle hem şertnama esasynda bu döwletleriň käbir oba hojalyk önümleriniň eksporty ÝYB döwletlerine erkin getirilmeginde göz öňünde tutulan.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.