ALLONŽ/АЛЛОНЖ/ALLONGE

Obligasiýanyň, çegiň ýa-da wekseliň öň we arka ýüzlerinde ýazgylar geçirmek üçin ýer galmadyk wagty weksele, çege ýa-da obligasiýa goşulýan goşundy kagyz. Allonžlarda geçirilen ýazgylar hem edil wekselde, çekde, obligasiýa-da geçirilen ýazgylar bilen hukuk taýdan deň güýçdedir.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.