ALTYN EKSPORT IMPORT NOKATLARY/ЗОЛОТЫЕ ЭКСПОРТНО-ИМПОРТНЫЕ ТОЧКИ/GOLD EXPORTING-IMPORTING POINTS

Altyn kada standartly pul ulgamynyň ýola goýlan döwletinde daşary ýurt pullarynyň hümmeti (kursy) ýurda getirilýän we ýurtdan äkidilýän altynyň möçberine bagly bolýar. Eger şunda daşary ýurt pulunyň hümmeti altynyň bahasynyň, ony gaplamak, bellenilen ýerine eltmek, ätiýaçlandyryş çykdajylarynyň jeminden ýokary bolsa, daşary ýurda tölegler altynda geçirilýär. Eger tersine bolsa, onda daşary ýurtlar tölegi altynda geçirýärler. Altyn alyş-satyş nokady altynyň söwdasynyň iň amatly bahasyny kesgitleýär.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.