ALTYN STANDARDY/ЗОЛОТОЙ СТАНДАРТ/GOLDEN STANDARD

Milli pul birliginiň hümmetiniň (kursunyň) altyna bagly bahalanmagy göz öňünde tutulan pul ulgamy. Bu ulgamyň esasy aýratynlyklary: A) Pul birligi altyna bagly bahalanýar; B) Altyn söwdasy durnukly hümmet boýunça kesgitlenen; Ç) Altynyn daşary söwdasy erkin; D) Milli pul birligniň altyna gatnaşykda durnukly hümmetiniň emele gelmegi netijesinde, dürli pul birlikleriň hümmetleriň gatnaşygynda-da durnuklylyk emele gelýär.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.