ALTYN PUL STANDARDY/ЗОЛОТOДЕНЕЖНЫЙ СТАНДАРТ/ GOLDEN STANDART

Pul birliginiň altyna bahalanmagyny we altyna erkin, çalyşmagyny kanuny taýdan üpjün edýän pul ulgamy. Munda pul birligi bellenen bahadan altyna erkin çalşylýar, altynyň daşary söwdasy erkin amala aşyrylýar. Milli pul birlikleriniň altyna gatnaşykda belli bir hümmetiniň emele gelmegi bilen, dürli ýurtlaryň pullarynyň hem biri-birine gatnaşykda durnukly hümmeti emele gelýär.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.