ARBITRAŽ/АРБИТРАЖ/ARBITRATION

Halkara gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar bilen çözmegiň bir ýoly. Öz aralaryndaky meseläni araçynyň üsti bilen çözmek üçin taraplar bu barada şertnama baglaşýarlar. Bu şertnama kompromiss (ylalaşykly) şertnama diýilýär Bu şertnamada araçy guramanyň gurluşy we işi barada maglumatlar geçirilýär. Halkara hukugynda araçylyk usulynyň esasy tapawudy jedelleriň çözgüdinde araçynyň kararynyň berjaý edilmegi.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.