ARASSA GIRDEJI/ЧИСТЫЙ ДОХОД/NET INCOME

Alnan göterimleriň we tölenen göterimleriň aratapawudyna gaýry amallardan gazanylan girdejini goşmak, ondan hem salgytlary, önümçilik çykdajylary, karzlar boýunça ýitgileriň üstüni ýapmak üçin atiýaçlyklary aýyrmak, onuň üstüne hem käbir goşmaça maddalary goşmak arkaly hasaplanýar. Halkara maliýe hasabatynda şu söz bilen manydaşdyr: “Profit after tax” - salgytlar tölenenden soňky peýda.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.