Önümçilikde 3D çap ediş usulynyň ulanylyşy

Täze önüm işläp çykarylýança köp sanly serişde we wagt gerek bolýar. Ýokary derejeli basyş güýji ulanylyp guýma usulynda plastikadan ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamaklyk gaty kän wagt alýar we gymmada düşýär. 3D çap ediş usuly arkaly şonuň ýaly şaýlary birnäçe sagadyň içinde ýasap bolýar.

3D çap ediş usulynyň guýma usuldan artykmaçlygy näme?

Dürli şaýlary guýma usuly arkaly ýasamak üçin press-formalar, ýagny, plastikany guýmak üçin zerur görnüşdäki galyp gerek bolýar. Press-formalar erän polimeriň temperaturasyna çydar ýaly olary alýuminden, polatdan ýa-da bir splawdan ýasaýarlar. Guýma usulyny senagat taýdan ulanmak üçin niýetlenen enjamlaryň bahasy birnäçe million dollara barabar. Şunuň ýaly enjamy satyn alman, press forma ýasamaklygy başga bir potratça tabşyrylan ýagdaýynda hem, kärhanalar edilen hyzmatlar, press-forma we material üçin esli çykdajy etmeli bolýarlar. Press-formanyň prototipini ýasamaklyk hem çykdajy we wagt talap edeni üçin, guýma usulynda iş alyp barmaklyk diňe uly göwrümdäki önümçiliklerde özüni ödeýär. Şonuň üçin hem, çäkli wagtyň dowamynda we kän bolmadyk möçberde ätiýaçlyk şaýy öndürmek zerur bolanda, üç ölçegli çap edişden peýdalanmak has bähbitli bolup durýar.

3D printeri nähili işleýär?

Printer degişli ätiýaçlyk şaýyny gatlaklar görnüşinde ýasaýar. Munuň üçin birleşdiriji madda bilen poroşok görnüşindäki polimer ulanylýar. Gyzgynlyk bilen haýsy hem bolsa bir gatlak emele getirilenden soň, printeriň çap ediji ujy ondan soňky gatlagy guýmaga başlaýar. Printeriň aýratynlyklaryna laýyklykda birnäçe şaý bir wagtda çap edilip bilinýär. Käbir 3D printerlerleriň çap edýän gatlagynyň galyňlygy 0,08 mm deň, bu bolsa mysal üçin adam saçynyň galyňlygyna deňdir. Şunuň ýaly printerlerde çap edilen şaýlaryň ählisi birmeňzeş bolup, önümçiligiň galyndysyny, ýagny polimer poroşogyny gaýtadan çap etmek üçin ulanyp bolýar. Bu bolsa öz gezeginde önümçiligiň çykdajysyny azaldýar.

3D çap ediş usuly, çäkli möçber üçin polimerden ätiýaçlyk şaýlaryny we beýleki esbaplary ýasamak üçin iň amatly usuldyr. Önümleri ýasamak üçin gymmat bahaly press-formalary guýmak zerurlygy aradan aýrylýar, önümiň hili bolsa şol öňkiligine galýar.