Kagyz paketleriň önümçiligi

Kagyz paketler, polietilen paketlerden arzanlygy we ekologiki taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Dünýäde barha halkara standartlarynyň talaplaryna geçmek trendiniň artýandygyny hasaba almak bilen, kagyz pakediň ekologiki taýdan arassa bolmagy aktual mesele bolup durýar. Bu işi sowatlylyk bilen başlan ýagdaýyňyzda 1-2 ýylyň içinde düşewüntlilik bolmasy ýokary ähtimally.

Kagyz paketler barada

Kagyz paketler – bu tutawaçsyz hem-de tutawaçly her dürli göwrümdäki haltalardyr. Kagyz paketlerine esasan, çörek we çörek önümlerini gaplamak üçin daşlyk hökmünde isleg bildirilýär. Başga-da çaý, kofe dänelerini guýmak üçin hem ulanýarlar. Hat-da kagyz haltalarda sement, çäge we ş.m. dökülýän gurluşyk harytlary hem ykjam saklanýar. Kagyz paketlerde çyg bolmadyk islendik harytlary saklamak bolýar. Söwda-satykdaky harytlardan başga, paketleri medisinada bir gezeklik gurallar üçin hem ulanýarlar. Egin-eşik satýan dükanlar bolsa öz logotipleri bolan kagyz paketleri ulanýar. Umuman kagyz paketlere islendik ulgamda isleg bar.

Biznesi gurnamak

Ilki bilen bu biznes bilen meşgullanmak isleýän telekeçi, haýsy görnüşdäki çig maly ulanmak isleýändigini kesgitlemeli:

1. Çig maly makulatura görnüşinde ýygnap täzeden işläp taýýar önüm çykarmakçymy;

2. Taýýar bolan çig maly satyn alyp önüm çykarmakçymy.

Birinjisi uly möçberdäki önümçilik bolup, çig mal taýýarlamaklygyň özi aýratyn bir iş bolýar. Şonuň üçin biz bu makalada, önümçiligiň ikinji görnüşi barada gürrüň ederis. Ýagny önümi, taýýar bolan çig maldan öndürmek.

Önümçiligi gurnamak üçin tehniki talaplar:

- Biçilen önümi kesýän we ýelmeýän ýörite enjam;

- Düýbüni ýelmeýän enjam;

- Deşik açyp berme enjamy;

- Logotip çap edýan enjam.

Ady agzalan enjamlaryň ählisi bir enjam bolup gidýär diýseň hem bolýar.

Surat: önümçilik enjamy

Önümçiligiň prosesi

Ilkinji tapgyrda, turba dolanan gatlakly kagyzyň başy enjamyň bir ujyndan goýberilip başlaýar, enjam gerekli ölçegde biçýär we kesýär, inini boýuny ýelmeýär. Soňra ýüzüne gerek logotipini basýar.

Kagyz paketleriň ýelmenilen dälde, tikilen görnüşini hem öndürip bolýar. Bu görnüş ýelmenilen görnüşe görä has-da berk saklanýar we köp gezeklik ulanyp bolýar. Bu kagyz paket önümçiliginiň iň aňsat usuly.

Kagyz paketleriniň niýetlenişine görä, kagyzyň hilini her dürli hilde saýlamak mümkinçiligi hem bolýar. Olar ofset, melowan, gaty görnüşli kagyzlardyr. Esasy, kagyzyň agram göterip biljek hilde bolmagyna üns berilmeli.

Talaplar

Önümçilik meýdany üçin elektro energiýa we suw bilen üpjün edilen 100 m2 töweregi ýer gerek bolýar. Iş gurnalanda önümde ýangyn töwekgelçiliginiň bardygyny göz öňünde tutup, esasy ýangyn howpsuzlyk ulgamy kämil gurnalmaly. Işi 1-2 adam bilen hem ýöredip bilersiňiz.

Marketing

Taýýar önümiň reklamasy, çörek we çörek önümlerini satylýan nokatlarda, dükanlarda, marketlerde, gurluşyk harytlaryny öndürýän edara-kärhanalarda tanyşdyrlyp bilner.

Biznesiňizde üstünlik arzuw edýäris!