Aýna çüýşede arassalanan agyz suw önümçiligi

Yssy howa şertlerinde arassalanan agyz suwuny öndürmeklik ýeterlik derejede girdeji getirip biljek iş görnüşleriniň biridir. Emma aňsat ýaly bolup görünse-de, suw önümçiligini çaltlyk bilen özüni ödeýän iş görnüşleriniň hataryna goşmak bolmaýar, käbir bilermenleriň bellemegine görä önümçilik kadalarynyň ählisi berjaý edilen halatynda arassa peýda alyp başlamak üçin pesinden bir ýarym ýyl çemesi wagt gerek. Şonuň üçin hem agyz suw önümçiligine gaty çynlakaý çemeleşmeli we islendik azyk önümçiliginde bolşy ýaly sanitar-gigiýeniki kadalaryň doly berjaý edilmegine üns bermeli.

Zerur enjamlaryň hatarynda aşakdakylary görkezmek bolar:

-çuň guýular üçin niýetlenen suw sorujy

-suwy ilkinji (kömürden ýa-da çägeden) arassalaýyşdan geçirmek üçin filtr

-suwy soňky arassalaýyşdan geçirmek üçin filtr

-zyýansyzlaşdyryjy enjam – UF lampalar we ozonator

- pos tutmaýan polatdan ýasalan suw saklanylýan gaplar

-suw guýujy, gaplaýjy we etiketka ýelmeşdiriji liniýa

Arassalanan agyz suwuny öndürmekligiň esasy tapgyrlary:

Guýudan gelýän suw birinji bilen iri süzgüçlerden geçirilip mehaniki garyndylardan arassalanýar, soňra – has hem ownuk süzgüçlerden geçirilip arassalanýar we yzyndan hem ultrafiolet şöhleleri ýa-da ozonator bilen zyýansyzlaşdyrylýar. Bu tapgyrda suwuň sanitar-gigiýeniki kadalara doly gabat gelýändigini anyklamak üçin laboratoriýa barlaglar geçirilýär. Zerur bolan halatynda suw minerallar, mikroelementler we witaminler bilen emeli baýlaşdyrylýar, kämahal bolsa tersine olaryň artykmaç möçberleri emeli usulda arassalanýar.

Ondan soňra suw, ultrafiolet ýa-da ozon bilen dezinfeksiýa edilen we arassalanan suw bilen ýuwlan gaplara guýulýar. Indiki tapgyrda suw guýlan gaplaryň agzy ýapylýar we olara etiketka (ýelmentgi) ýelmenýär. Proses tutuşlygyna awtomatizirlenen.

Emeli arassalanan suw ters osmos tehnologiýasy boýunça öndürilýär: ýörite enjamda gaty ýuka membranaly-osmotiki filtrlerden diňe suwuň molekulalary geçirilýär. Şunuň ýaly suwuň düzüminde hiçhili zyýanly goşundynyň bolmaýşy ýaly peýdalysy hem ýok (başgaça aýdanymyzda «öli» suw, ýagny bugdan alnan suwa meňzeş), şonuň üçin hem şeýle suw minerallara we mikroelementlere emeli usulda baýlaşdyrylýar.

Önümçilige başlamazdan ozal guýynyň suwunyň mineral we bakteriologiki düzümine we nähili garyndylaryň bardygyna laborator seljermesini geçirmeklik zerur bolup durýar. Mundan başga-da, önümçilik dowam edýän mahaly hem arassalan suw gije gündiziň dowamynda birnäçe gezek laborator barlagdan geçirilýär. Sanitar-gigiýeniki gözegçiligine suwuň özünden başga arassalaýjy we zyýansyzlaşdyryjy enjamlar, önümçilik binasy, reagentler hem degişlidir.

Gabyň etiketkasynda çeşmäniň adyny, ýerleşýän ýerini, şeýle hem, minerallaşma derejesini we ion düzümüni görkezmek maslahat berilýär.