Gissar tohumly goýunlary ýetişdirmek

Öz hususy hojalyk fermasyny açmak isleýänler üçin, gissar tohumly goýunlary köpeltmek şowly ugurlaryň biridir. Bu goýunlara elit goýunlar hem diýýärler. Beýleki goýunlardan tapawutlylykda, bular iri ýaýbaň göwresi, berk we kämilleşen süňkleri hem-de äpet uly bolan guýruklary bilen tapawutlanýar. Agramlary boýunça iri goçuňky 190, urkaçysynyňky bolsa 120 kilograma çenli barýan wagtlary hem bar. Önümi tagamly eti, guýruk ýagy, derisidir. Bir kemçiligi, bu goýunlaryň ýüňi gaty bolup hil taýdan pes bolýar. Bu tohumyň gelip çykyşy, adyndan belli bolşy ýaly, Orta Aziýanyň Gissar dag gerişlerinden gaýdýar. Häzirki wagtda gissar tohumy, Türkmenistanda seýrek duş gelýär, ownuk şahly mallarynyň 80 % garaköl tohumyndan ybaratdyr.

Ekologiki şertler

Türkmenistanyň çäginde gissar tohumly goýunlar üçin iň amatly howa şertleri, bolan ýerler Ahal we Lebap welaýatlarynyň dag etekleridir. Geçirilen syn işleriň netijesinde, gissarlaryň ýarym çöllük ýerlerde hem ýetişdirip bolýandygy anyklanan. Gissarlar Türkmenistanyň dag eteklerindäki, gündizi gyzgyn we gijesi birden sowaýan ýerli howa şertlerine uýgunlaşan tohumlardyr.

Daşky görnüşi

Goýun tohumlarynyň we görnüşleriniň içinde, gissar tohumy iň irisidir. Iň esasy tapawutlarynyň biri hem uly göwrümdäki guýruklarydyr, agramy boýunça guýruk ýagy 60 kilogram agramda hem bolup bilýär. Goýunlaryň guýrugy suw we ýag saklanýan ammar bolup hyzmat edýär. Howanyň aýazly sowugynda ýa-da jöwzaly yssysynda, iýmit ýetmezçiligi bolan ýagdaýynda, gerekli iýmit guýruklaryndan barýar. Goçlary 85-95 santimetr, goýunlary bolsa 80-85 santimetre çenli boý alýarlar. Dogry iýmitlendirilen ýgdaýynda, goýnuň agramy 80-90 kilograma irileri 150 kilograma çenli, goçuň agramy bolsa 140-150 kilogramdan ybarat bolup, ýaglylary 190 kilograma çenli hem ýetip bilýär. Ýaş mallary birnäçe aýyň içinde 50 kilogram agramda bolýarlar.

Öndürijiligi

Etiniň huruşlyk möçberi 60 % ybarat bolup bu, gowy görkeziji hasaplanýar. Etiniň tagamy 3 – 4 aýlyk ýaş wagtynda has-hem süýjeýär. Dogry iýmitlenen ýagdaýynda, ýaş mal gününe 600 gramm agram toplaýar. Etiniň düzümindäki holosterinleriň möçberi doňuz we sygyr etiniňkiden az bolup, şireli we ajaýyp tagamy bilen tapawutlanýar. Guýruk ýagy tiz siňdirijiligi bilen tapawutlanyp, 40-60 kilogram agramda bolýar.

Saklanylyşy we iýmitlendirilişi

Gissar tohumy iýmite çydamly hasaplanýar. Beýleki goýunlar ýaly, gury giňişligi halaýar. Fermerçilik hojalygynyň şertlerinde, bular üçin telär gurnalmagy peýdaly bolar. Zyýanly mör-möjeklere garşy, agylyň içinde ýylda iki gezek arassaçylyk işlerini hem-de gyrkym çäresini geçirmek zerurdyr. Fermerçilik şertlerinde iýmitiň hiliniň täsiri uludyr, doňan we zaýalanan miweleri we bugdaýlary bermeklik maslahat berilmeýär. Guzularyna çörek bermeklik hem maslahat berilmeýär. Meýdanda otlaryň ösen wagty, olaryň rasiýony diňe ýygylan otlardan ybarat bolup, goşmaça iýmite mätäç däldirler. Howa sowanyndan soňra, oty bede, däne, saman, silos we gaýry ot-iýmleri bilen iýmitlendirmeli. Bir-gije gündiziň dowamynda her baş üçin 10 gramm nahar duzuny bermek zerurdyr.

Ilki başdaky maýa goýum

Biznesi, kiçi göwrümden başlamaklyk tejribe tarapdan oňyn netije berer. 100 başdan ybarat bolan ferma üçin gerekli çykdajylary sanap göreliň:

- Fermanyň ýeriniň kärendesi;

- Fermany gurnamak (guzular üçin ýatak, ot-iýmleri saklamak üçin ýer, nowalary gurnamak, çopanyň ýatak jaýy, gyrkym enjamy);

- Süri üçin baş satyn almak (Goýunlary satyn almak üçin Lebap welaýatyndaky fermerçilik hojalyklaryndan gyzyklanyp bolar);

- Bir çopan üçin zähmet haky çykdajy;

- Gyş üçin ot-iým satyn almak;

- Weterinar hyzmatynyň çykdajysy;

- Gaýry çykdajylar.

Garaşylýan girdeji

Bazarda gissar goýnunyň etiniň seýrekdigi sebäpli, siz delikates eti bilen üpjün ediji bolup restoranlary we kafeleri üpjün edip bilersiňiz. Ortaça çykdajylaryň ödeýän möhleti 1,5-2 ýyldan ybarat

Biznesiňizde üstünlik arzuw edýäris!