Birža

Sada dil bilen aýdanymyzda birža, söwda bilen meşgullanýan adamlaryň (ýa-da olaryň wekilleriniň) bellenilen wagtlarda, kesgitlenen düzgünlere laýyklykda, söwda geleşiklerini (kontraktlaryny) baglaşmak üçin jemlenýän ýeri. Biržalar peýda gazanmak maksady bilen dälde, amala aşyrylýan söwdalary gurnamak, aluw-satuw şertnamalary baglaşylanda araçylyk hymzatlaryny amala aşyrmaklyk maksady bilen döredilen ýuridik şahsdyr.

Dürli ýurtlarda biržalar geçirilýän söwdalaryň häsiýetine laýyklykda birnäçe görnüşe bölünýär, mysal üçin haryt-çig mal biržasy, gymmat bahaly kagyzlar biržasy, walýuta biržasy, gozgalmaýan emläk biržasy we ş.m.

Mysal, Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasy barada has anyk kesgitleme “Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilýär. Bu kanuna laýyklykda haryt çig mal biržasy – “özi tarapyndan bellenilen kadalara görä öňünden belli edilen ýerde we anyk wagtda geçirilýän, aýanlykdaky jemagat söwdalary görnüşinde amala aşyrylýan birža söwdalaryny guramak we düzgünleşdirmek arkaly harytlaryň lomaý bazaryny emele getirýän, ýuridik şahsyň hukuklary bolan gurama” hasaplanýar.

Harytlary we hyzmatlary eksport we import edýän söwdegärleri bir ýerde jemlemek arkaly söwdalary guramakda we açyk bazar gatnaşyklaryny emele getirmekde biržanyň ähmiýeti uly bolup durýar. Birža söwdalarynyň düzgünleri we biržada bellige alynmaga degişli geleşikleriň sanawy kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen ýa-da degişli birža tarapyndan çykarylýan içerki resminamalar bilen düzgünleşdirilýär.