Daşary söwdada tölegiň görnüşleri

Halkara tejribesinde daşary söwda amallarynyň, ýagny, eksport we import şertnamalarynyň iki tarap üçin hem amatly we ygtybarly ýerine ýetirilmegi üçin birnäçe söwdany maliýeleşdiriş gurallary ulanylýar. Bu maliýeleşdiriş mehanizmlerini köplenç orta we iri telekeçilige degişli subýektler ulanýarlar.

Halkara tejribesindäki söwdany maliýeleşdiriş mehanizmleriniň käbirleri barada gysgaça durup geçeliň

Adaty söwda karzy – harytlary üpjün ediji tarap satyn alnan harytlar we beýleki emläkler ýerlenýänçä (adatça iň köp bir ýyla çenli) garaşýar. Alyjy üçin amatly bolsa-da, üpjün edijiniň maliýe serişdelerini saklaýandygy üçin seýregräk ulanylýar.

Bank kepilligi – satyn alyjynyň hyzmat ediji bankynyň, harytlary üpjün edijiniň bankyna satyjynyň haýryna kepillik bermegi. Halkara tejribede, öz töwekgelçiliklerini peseltmek maksady şunuň ýaly amallar üçin banklar ep-esli ýygym belläp bilýär. Şol sebäpli hem, taraplaryň biri ýa-da ikisi üçin hem amatsyz bolup bilýär.

Akkreditiw – halkara söwda amallarynda iki tarap üçin hem iň amatly usul hasaplanylýar. Adatça satyn alyjynyň banky, öz müşderisiniň tölege degişli möçberini aluw-satuw şertnamasy baglaşylandan soň aýratyn hasaba geçirýär. Satyjy tarapyndan harytlaryň iberilendigi ýa-da olaryň gelip gowşandygy baradaky resminama alyjy tarapyndan banka hödürlenenden soňra, degişli töleg satyjynyň haýryna geçirilýär. Alyjy, haryt gelip gowuşandan we harytlaryň hilinden kanagatlanandan soň töleg geçirýär, satyjy bolsa arada bank durandygy sebäpli iberen harytlary üçin tölegiň geçiriljekdiginden arkaýyn bolup bilýär.

Ýokardaky bellenilen usullar düşnükli bolmagy üçin ýönekeýleşdirip beýan edilendir, iş ýüzünde daşary söwda geleşiginiň maliýeleşdirilişi has çylşyrymly bolup biler.