Biznes üçin QR code tehnologiyasy

QR- code (Quick Response Code) iňlisçeden kodyň tizleşdirilen jogaplamasy diýip terjime edilýär. QR-kodyň içinde islendik maglumaty sygdyryp bolar. QR-koduň şekili bu - ak fonuň ýüzünde kiçijik dörtburçjagazlardan düzülen uly bir dört burçy emele getirýän gözenege meňzeş şekildir.

QR-kod 90-njy ýyllarda ýaponlarda giň meşhurlyga eýe boldy, olar bu kody awtomobil senagatynda ulanyp başladylar, soňra bu pikire marketologlar eýe boldular we kody harytlaryň ýüzlerine ýelmäp başladylar, onuň üsti bilen dürli zatlary indentifikasiýa etmäge girişdiler soňlygy bilen töleg ulgamyna girizdiler. Muňa meňzeş tehnologiýalardan bizde has hem “taýajyklar” şekilinde bolan ştrih kodlar meşhur, olar diňe harytlaryň hasabyny ýöretmek üçin ulanylýar diýseň hem boljak, emma QR-kod bolsa, uniwersal gural hasaplanýar. Onuň içine islendik maglumaty salyp ýönekeý el telefonyň kamerasy bilen internede birikmezden peýdalanyp bolýar.

Häzirki wagtda, dünýä ýüzünde QR-kod tehnologiýany esasan töleg ulgamynda ulanýarlar. Ýöne näme üçindir bu tehnologiýany marketing maksatly ulanýanlar az. Mysal üçin biz muny şu ugurlarda ulanyp bilerdik;

1. Satyjynyň saýtyna eltýän QR-kod – bu kody satýan harytlaryňyzyň gabynda bolmasy siziň saýtyňyza köp sanly ulanyjy girmesine sebäp bolar.

2. QR-kodyň broşuralarda, bukletlerde hödürleýän harytlaryňyzyň gabadynda goýup, alyja islän harydyny tiz şekilde sargyt etmäge mümkinçilik döreder ýaly edip bolýar.

3. QR-kodyň üsti bilen dürli bäsleşikleri geçirip bolýar. Siziň harydyňyzy satyn alan müşderä, türkmen aýdymçylaryň aýdymyny ýa-da sazyny mugt ýükläp almak üçin internet salgyny berýän QR-kody ýasamaklyk.

4. Sowgadyň ýa-da harydyň daşyna QR-kod şekilindäki sesli ýazgyny ýelmäp bolar.

5. Her bir telekeçi öz biznesi barada, harytlary barada, peýdaly internet salgylary we başgada dürli maglumatlar barada, telefonyň üsti bilen okap boljak QR-kod ýasanyp biler.

Tehnologiýanyň bu usuly adamlara ýene-de çäksiz mümkinçilik berip biler, bulary iş ýüzinde ulanmaklyk öndürijiligi ýokarlandyrar, dünýäniň iri kompaniýalary ýyllaryň dowamynda öz işlerinde şeýle usullary ulanyp gelýärler.