Karz alnanda LIBOR göterimi

Mälim bolşy ýaly, halkara maliýe guramalarynyň maliýeleşdiriş çeşmesi köplenç iki hili bolýar; Birinjisi hususy serişdeleriň hasabyna, ikinjisi bolsa çekilen serişdeleriň hasabyna. Ýagny halkara maliýe guramalary kähalatlarda biznes taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin halkara pul bazarlaryndan karz alyp, araçy hökmünde çykyş edip bilýärler. Şonuň üçin hem, karz serişdeleri berlende halkara pul bazaryndaky göterimiň (liboryň ) üstüne öz göterim derejelerini goşýarlar meselem, karzyň ýyllyk göterim derejesi = Libor+3 % görnüşinde.

Eýsem-de bolsa libor göterim derejesi näme we nähili hasaplanylýar. Libor iňlisçe - London Interbank Offered rate – sözleriniň gysgaldylan görnüşi bolup, oňa türkmençe London bankara göterim derejesi diýmek bolar. Ýagny, bu görkeziji iri möçberli halkara banklarynyň birbirlerini gysga möhlete karzlaşdyranlarynda ulanýan göterim derejeleriniň ortaça bahasydyr . Ol intercontinental Exchange (ICE ) edarasy tarapyndan gündelik tertipde hasaplanylýar we ulanyjylara dürli habar beriş ulgamlary arkaly ýetirilýär.

Libor göterim derejesini hasaplamak üçin ulanylýan maglumatlaryň köpdügi sebäpli ol günde üýtgäp durýan ululykdyr . Emma eger-de maliýe bazarlarynda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykmasa libor göterim derejesinde düýpli üýtgeşiklikler bolup geçmeýär.

Ýeri gelende aýtsak, libor göterim derejesi möhletine we bellenen pul birligine laýyklykda hem üýtgeýändir.

Şonuň üçin hem, halkara maliýe guramalaryndan karz alnanda karz serişdelerine hasaplanyljak göterimleriň hakyky ululygyny bilmek üçin libor göterim derejesini internet ulgamynda bar bolan maglumatlardan peýdalanmak bolar.