Daşary ýurtda ýaşaýan bolsaň salgydyňy nähili tölemeli

Şahsy taraplaryň girdejilerine salgytlaryň salnyşy bütin dünýäde diýen ýaly iki görnüşde alnyp barylýar: biri raýatlyk boýunça we ýene biri hem dahyllylyk (rezidentlik) boýunça. Daşary döwletleriň köpüsiniň salgyt kanunçylygynda şahsy taraplaryň girdejilerine salgyt salmaklygy dahyllylyk boýunça alyp barmak göz öňünde tutulandyr. Emma şeýle-de bolsa, käbir döwletler şahsy taraplara salgyt salmaklygy raýatlyk boýunça amala aşyrýarlar. Munuň iň aýdyň mysaly hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny görkezmek bolar. Eger-de haýsy hem bolsa bir ABŞ-nyň raýaty bolan şahs, hatda hiç haçan ABŞ-da ýaşamadyk bolsa hem, ýaşaýan ýurdyndaky gazanan girdejisi salgyt salynmaga degişli bolup durýan bolsa, ABŞ-nyň hökümetine salgydyny tölemäge borçlydyr.

Bu ýagdaý iş ýüzünde, ABŞ-nyň salgyt gullugynyň öz raýatlarynyň girdejileri baradaky maglumatlary bütin dünýäde yzarlap ýörmegine ýol açdy. Munuň üçin Amerikada FATCA diýlip atlandyrylýan we beýleki döwletlerden öz raýatlarynyň hasaplary baradaky maglumatlary almagy göz öňünde tutýan kanunyň kabul edilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaýa öz gezeginde başga ýurtlarda ýaşamagyny dowam etdirýän Amerikanyň käbir raýatlarynda nägilelikleriň döremegine we hatda ABŞ-niň raýatlygyndan çykmaga höwes bildirmeklerine ýol açýar.

Dahyllyk boýunça şahslaryň salgyt töleýji bolup durýandygy ýa-da durmaýandygy nähili kesgitlenilýär? Bu ýagdaý her bir ýurdyň kanunçylygyna laýyklykda aýratynlykda kesgitlenilmäge degişli bolsa-da, köplenç halatda, ýurduň içinde ýylyň dowamynda ýaşalan gün sanyndan ugur alnyp kesgitlenilýär we bu gün sany hem köplenç 183 günden (ýarym ýyl töweregi) ybarat bolup durýar. Ýagny, kimdir biri ýurdyň çäginde jemi 183 ýa-da ondan köp senenama gün ýaşan halatynda, ol şol ýurdyň dahyllysy hasap edilýär we şahsy girdejisinden kanunçylyga laýyklykda bellenilen salgydyň möçberini şol ýurda tölemäge borçlanýar.

Elbetde bular umumy maglumat bolup, her bir ýurtda özüne mahsus salgyt kanunçylygy hereket edýär, şonuň üçin hem belli bir döwletiň çäginde şahslaryň girdejilerine nähili salgytlaryň salynýandgyny anyklamak üçin şol ýurtlaryň kanunçylygy düýpli öwrenilmelidir.