Tokaý miwelerini ösdürip ýetişdirmek

Biz bu gezekki biznes ideýamyzda tokaý miweleri barada gürrüň etmegi makul bildik. Tokaý miweleri – ýer tudana, smorodina , malina, böwürslen ýaly miweler bolup, olar bahasynyň gymmatlygyna garamazdan alyjylaryň arasynda elmydama meşhurlyga eýedir. Tokaý miweleriniň bazarynda islegiň teklibe görä köp bolmagy, bu biznesi başlamak üçin iň esasy sebäpleriň biri bolup biler.

Tokaý miwelerini ýetişdirmek barada

Böwürsleniň Türkmenistanda giňden ýaýran görnüşleri bardyr, olar - anotoliýa , sizaý we garrygala görnüşleridir. Bu görnüşdäki böwürslenler , biziň ýerli howa şertlerimize uýgunlaşan we kän bir zähmet talap etmeýän miwelerdir . Gündelik seredilip idegi edilen ýagdaýynda bu ösümlik köpelýär we wagtly wagtynda miwesini berýär. Mundan başga-da ekilýän sortlardan ýurdumyzyň howa şertlerine gabat geljegi “Doýl ” sortydyr . Bu sort yssa çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Böwürslen ilkinji miwesini ekilenden soň 2 -3 ýyldan berip başlaýar. Ekiş döwri gyşyň soňy - baharyň başy hasaplanýar. Böwürslen çyrmaşýan ösümlik bolany üçin joýalara 1 .5 -2 metr bolan dalbarlar hökman dikilmeli .

Böwürsleniň nahallary oturdylanda bir-birinden 80 sm aralykda otyrdylýar . Eger hatara oturdylan ýagdaýynda, nahallaryň bir-birine çyrmaşmazlygy üçin 1 -1 .15 metr aralykda oturdylýar.

Möwsümde bir düýpden 15 -20 kg aralykda hasyl almak mümkindir. Hasyl ýygylandan soň, müşderilere ter görnüşinde ýerlense iň gowusy, bolmasa-da sowadyjyda 5 gije-gündize çenli saklanyp bilner.

Hasyl ýygnalanda plastik gaplara ýygnamaklyk amatly hasaplanýar. Hasyly guratsaň ýa-da sowuga doňdursaň hem bolýar. Onuň üçin ýörite guradýan enjamlar ýa-da çalt doňdurjylar edinmelidir.

Tokaý miweleri marketlerde , dükanlarda, bazarlarda satylýan önüm. Restoranlarda, kafelerde , konditer önümçiliginde, iýmit önümçiliginde ulanylýan önümdigini göz öňünde tutup, marketingi ýola goýmaklyk maslahat berilýär. Nähili bolanda-da bu önüme bolan islegiň ýokary bolmagy Siziň biznesiňiziň ösjeginiň kepilidir.