Distillirlenen suw önümçiligi

Distillirlenen suw – munyň özi düzümindäki mineral garyndylardan, organiki maddalardan we duzlardan arassalanan suwuň görnüşidir. Bu suw medisina ulgamynda, laboratoriýalarda, tehniki pudaklar ýaly dürli ugurlarda ulanylýar. Mundan başga-da distillirlenen suw awtoulaglara we ýyladyjy ulgamlara guýmak üçin hem-de ösümlikleri suwarmak üçin ulanylýar. Türkmenistanda ýylsaýyn dürli önümçilik ugurlaryň geriminiň giňelmegi bilen, ýurdumyzda bu önüme bolan isleg barha artýar.

Biznesi guramak

Önümçilik üçin gerekli meýdan ortaça 20m2 ybarat. Bu önümi taýýarlamaklyk tehniki taýdan kyn hasaplanmaýar, özüne düşýän gymmaty bolsa ujypsyz. Işiň köp bölegini enjamyň özüniň ýerine ýetirýändigi üçin artykmaç işgär gerek däl hem diýseň bolar. Unutmaň işiňizi resmileşdirmek üçin salgyt gullugyna hasaba durmagyňyz zerurdyr.

Enjamlar we çig mal

Distillirlenen suw taýýarlamaklygyň her dürli usuly bar. Iň ýönekeýi distillirleýji enjam almaklyk bolar. Bu enjamlaryň bahasy arzan, göwrümi bolsa kiçi bolýar. Önümçilik kuwwatlygy bolsa ortaça sagatda 7 litre çenli bolýar. Enjamyň ýene-de bir gowy tarapy, elektro energiýany az sarp etmegindedir.

Enjamlaryň işleýiş ýörelgesi, tebigatyň kanuny hasaplanýan suwuň bugarmasy we çökmesinden ybarat. Taýýar önümi guýup saklamak üçin göwrümler (gap-sisternalar) gereklidir. Taýýarlanan önümiň daşky görnüşiniň owadan hem-de özüne çekiji bolmagy, müşderiniň önüme bolan garaýyşyna täsir edýän möhüm faktorlaryň biridir.

Marketing

Distillirlenen suw taýýarlanandan soňra bu önümi nirede we nähili ýerlemeklik işiň goşmaça soragydyr. Distillirlenen suw hödürlenjek ýerler tehniki dükanlar, önümçilikler, awtoşaýlar dükanlary we ş.m. Eger-de uly möçberde dolanşyk göz öňünde tutsaňyz, onda bu önüm senagat önümlerini öndürýän islendik zawod fabriklerde ulanylýandygy üçin şolara hödürlemek mümkindir. Ýokarda agzap geçişimiz ýaly Türkmenistanda dürli önümçilik desgalarynyň köpelmegi bilen bu önüme günsaýyn isleg artar diýsek ýalňyşmarys.