Ofise nahar eltip berme hyzmaty

Häzirki zamanda, Türkmenistanda günde, hepde-de iň bolmanda aý-da bir gezek hem bolsa, sargyt bilen öýüne taýýar nahar getirtmeýän az bolsa gerek. Gyzgynjak nahar eltip berme hyzmaty– has hem ofis işgärleri üçin oňaýly hasaplanýar. Işgärleri üçin arzan we oňaýly şertlerde bolan günortanlyk naharyna, köp kompaniýalar isleg bildirse gerek. Türkmenistanyň bazarynda nahar eltip berme hyzmaty restoran biznesiniň iň tiz ösýän we düşewüntli ugrydyr. Bu hyzmata bolan islegiň ýokary bolmagy size tiz netije berer diýip hasaplasa bolar.

Biznesi gurnama

Her dürli naharlardan ybarat bolan menýu düzmeklik gerek. Ter bolan çig malyňyzy yzygiderli üpjün bolmasyny gurnamaly. Müşderileriň ýaşy, olaryň isleg bildirýän tagamlaryny öwrenmek hem möhüm meseledir.

Işgärleriň düzümi: Aşpez, eltipberiji, telefondan hem-de internetden sargyt aljak operator.

Enjamlar we materiallar

Ilkinji nobatda size aşhana we aşhana esbaplary zerur. Işi gurnaýşyňyza baglylykda konteýner gaplar,plastiki gap-gaçlar we ş.m esbaplar zerurlyk eder. Naharyň gyzgynjak bolmasy üçin hökman termo torbalaryň bolmasy şertdir.

Marketing

Birinji etmeli işiňiz, siziň aşhanaňyza at we logotip gerekdir. Marketing maksatly sosial sahypalarda öz sahypaňyzy açmalysyňyz, şeýle-de öz Websaýtyňyzy açmaklyk has hem gowy çözgüt bolar. Başlarda müşderi çekmek üçin nahary mugt paýlamaklyk hem peýda berer. Naharlar adamlaryň göwnüne ýaran ýagdaýynda, olar siziň gelejekgi müşderileriňiz bolar. Bu biznesiň öz özüni ödeme möhleti ortaça 6 aýdan bir ýyla çenli dowam eder.