Berkişen doňdurma önümçiligi

Doňdurma – çagalaryň we ulularyň iň söýgüli tagamy. Eger-de siz biznesiň şu görnüşini ele almakçy bolsaňyz, onuň üstünlikli boljakdygyna şübhelenmäň, jogap kanagatlanarly bolar. Bu makalada biz siz bilen göwrümi uly bolmadyk, emma şäher ýa-da etrap çäginde doly gurnap boljak berkişen doňdurmanyň önümçiligi barada gürrüň ederis. Elbetde, işe başlamazdan ozal telekeçi işini resmileşdirmegiňiz zerur, onuň üçin siz etrabyňyzyň salgyt bölümine ýüz tutumaly, şeýle-de sanitar kitapçasyny resmileşdirmeli bolarsyňyz.

Türkmenistanyň territoriýasynyň köp böleginde howanyň gyzgyn möwsümi 6 aýa çenli dowam edýär, gyşyna bolsa maýyl temperatura agdyklyk edýär. Netijede tutuş ýylyň dowamynda doňdurma bolan isleg bolýar. Satyşyň göwrümi mekdep we dynç alyş möwsümlerinde hem-de baýramçylyklarda has hem artýar.

Biznesi nämeden başlamaly?

Siziň öndürýän önümiňiziň bazarda bäsleşip biljek önüme öwrülmesi üçin, başdan maliýe meseläňizi nazara almaly. Önümiň bäsleşige ukyply bolmasy üçin, çig malyň we enjamlaryň ýokary hilli bolmasy şertdir. Biznese başlamazdan öň ilkinji nobatda biznes meýilnamany ýazmaly.

Tehniki talaplar

Önümçiligi ýola goýmak üçin ilki bilen aşakdaky enjamlar gerek bolar:

- Garyjy

- Süzüji (Filtr)

- Pasterizator

- Gomogenizator

- Ýaglary eredýän çelek (mesge ýa-da palma ýagy)

- Doňduryjy (Doňdurma ýasaýan enjam)

- Nasos

- Sowadyjy kamera

Taýýarlaýyş tehnologiýasy

Köp öndürijiler doňdurmalaryň gymmat we arzan görnüşleriniň önümçiligini özleşdirýärler –gymmat görnüşli doňdurmanyň düzüminde tebigy süýt, süýt ýagy, kakao ýagy ulanylýar. Arzan görnüşli doňdurmalaryň düzüminde bolsa, gury süýt, mal ýagy, palma ýagy ulanylýar.

Emma, ählisiniň düzümine dürli “tagam kämilleşdirijileri” girizilýär: ys berijiler, önümi ýumşadyjylar, emulgatorlar, gyzgyn temperaturada eretmeýän garyjylar, stabilizatorlar, goýaldyjylar we konserwantlar.

Berkişen doňdurmanyň önümçilik prosesi aşakda görkezilen esasy tapgyrlardan ybarat:

- Çig mal taýýarlanýar we garylýar

- Taýýar önüm süzülýär we pasterizleşdirilýär

- Gomogenizirleşdirilýär, ýagny birmeňzeş konsistensiýa gelýär

- Sowadylýar, ýagny -2 0C -den -6 0C gradus temperaturada “taýyn bolýar”

- Frizirlenýär (doňdurylýar) – doňdurmak bilen bir wagtda garyp ýaýylýar (çişirilýär)

- Gaplanýar

- Ahyrky doňdurma, -250C -den -370C gradus temperaturada “berkişýär”.

Özüne düşýän gymmatyň seljermesi

Doňdurmanyň özüne düşýän gymmatyny seljermek üçin “plombir” görnüşli doňdurmadan ugur alaly. 1 kilogram doňdurma öndürmek üçin, orta ýagly suw goşulmadyk süýdiň ortaça 450 gramy, gury süýdiň 50 gramy, 30-35% ýagly gaýmagyň 350 gramy, 150 gram şeker, 6 gram želatin, 15 gram wanilli şeker ulanylýar. Želatin ýumurtgaň sarysy bilen hem çalşylyp bilner.

“Berkişen” doňdurmanyň ortaça ýaramlylyk möhleti -20 0C-dan pes gradusly temperaturada saklanan ýagdaýynda 1-2 aý çenli dowam eder. Berkişen gap dolanan doňdurmanyň ýaramlylyk möhleti “Ýumşak” (çekimli satylýan) doňdurma görnüşinden biraz uzak bolýar. Doňdurmanyň ýaramlylyk möhletini, berjaý etmeklik maslahat berilýär.

Çykdajy maddalarynyň içine, meýdany kärendesine almak, daşama çykdajylary we gerekli işgärleri: önümçilik tehnologyny, önümçilik bölümininiň işçilerini, sürüjini, ýükleýjini, önümçilik dolandyryjysynyň aýlyk zähmet haklary hem girýär.

Marketing

Işimizde reklama çäreleri hem artykmaç bolmaz – bu ýerde siz özüňiziň fantaziýaňyza gerim berip özüňize at we täsirli logotip düzüp bilersiňiz.

Mahabaty sosial torlarda we internetde goýbermek hem işiňize itergi berer.

Iri söwda nokatlarynda doňdurmaňyzy müşderiler tarapyndan mugt dadyp görmesi üçin çäreler gurnamak ilkibaşda uly goldaw bolup biler.

Önümiň daşky görnüşi hem uly ähmiýete eýedir, ýatda galýan we beýlekilere meňzemeýän gaplamanyň dizaýnyny, her öndürilýän önümiň görnüşi üçin adyny (susguçly, eskimo, goýy gant siroby bilen örtülen ýa-da örtülmedik briketler we ş.m.) döretmeli.

Peýdaly maglumatlar

Makalanyň ahyrynda bolsa şu önüm barada birnäçe peýdaly maglumat:

- Türkmenistanyň meşhur doňdurma öndürijileri “Kenek”, “Şazada”, “Täze aý”, “Erteki”, “Salkyn”, “Badam”;

- Dünýäde doňdurmalaryň 1000 gowrak görnüşi bar;

- Doňdurma berkişen we ýumşak görnüşlere bölünýär;

- Iýmit altyn garylan “Frozen Haute Chocolate” doňdurmasy, dünýäde iň gymmat hasaplanýar, onuň bahasy 25 000 ABŞ dollaryna deň.

Biznesiňizde üstünlik arzuw edýäris!