Gök ot ýetişdirmek

Terje gök otlar - witaminlerden baý bolan önümdir. Bilşiňiz ýaly gündelik durmuşda otlar saçakda diri goýulýar ýa-da nahara dogralýar, kämahal bolsa hamyrly önümleriň içine hem goşulýar. Türkmen tagamlarynyň içinde gök otlar aýratyn orna eýdir. Bu önüm gündelik millionlarça adamlaryň sarp edýän önümlerinden biridir. Gök ot ýetişdirmek - yzygiderli girdeji berjek düşewüntli biznesleriň biri hasaplanýar.

Gök ot ýetişdirmek biznesini guramak

Gök otuň hasyllygy bir metr inedördül meýdandan ortaça 1.5 kg hasaplanýar. Ýetişme möhleti 40 gün . Ýyladyşhana şertlerinde hasyly bütin ýyl ýygnamaklyk mümkin. Gyşda gögiň bahasy ýazky möwsümden bir näçe esse ýokarlanýar. Bellemeli zatlaryň biri hem, önümiň hili onuň topragy, suwarylyşy, howasy we seredilşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Çykdajylar babatynda aýdanymyzda; ýyladyşhananyň gurnama işleri, ýylatma ulgamy, tohum we dökün satyn alma, işgär haklary, daşama we ýrleme hyzmatlaryndan ybarat. Gök otlara bütin ýylyň dowamynda isleg bolýandygy sebäpli, bu önümi bazarda ýerlemeklik kyn bolmaz. Gök ot ýetişdirmek üçin Türkmenistanyň günorta welaýatlarynyň howa şertleri has hem amatly.

Statistika boýunça birinji ýerde iň ýörgünli ukrop, petruşka , ikinji ýerde sogan oty, üçünji ýerde salat ýapraklary we ş.m. eýeleýär.

Eger bu iş sowatly alnyp barylan ýagdaýynda, öz işini gurnamak isleýän adamlar üçin iň gowy biznesleriň biridir. Türkmenistanda ýetişdirilen gök otlar Russiýa Federasiýasynda uly meşhurlyga eýedir. Şonuň üçin hem önümi, onuň regionlarynada eksport etmekligi göz öňünde tutsa bolar.