Geleşik näme diýmek

“Geleşik” sözi kanunçylykda köp gabat gelen we edaralaryň resminama aýlanyşygynda kän ulanylan sözlerden biri. Köplenç bu söze “şertnama” ýa-da “kontrakt” diýlip düşünilse-de, ol has giňişleýin düşünjedir.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “geleşik” sözüne: “Bir zady ýerine ýetirmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyk, şertnama. Söwda geleşigi. Geleşik baglaşmak” diýip düşündiriş berilýär.

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 75-nji maddasynda geleşikler diýen düşünjä: “Graždan hukuklaryny we borçlaryny bellemäge, üýtgetmäge ýa-da bes etmäge gönükdirip, fiziki we ýuridiki şahslaryň öz erk-islegini bildirmegi geleşik hasaplanýar. Geleşikler bir taraplaýyn we iki ýa-da köp taraplaýyn şertnamalar bolup biler. Bir taraplaýyn geleşik diňe kanunda ýa-da şol şahslar bilen ylalaşykda bellenilen halatlarda beýleki şahslar üçin borçlary döredip biler” diýilen kesgitleme berilýär.

Görşüňiz ýaly kanundan ugur alanymyzda bu söz “şertnama” sözünden has giň mana eýedir. Käbir hukukçylar şertnamany geleşigiň bir görnüşi diýip hasaplaýarlar. Şertnama baglaşmak üçin iki ýa-da ondan hem köp tarapyň çykyş etmegi zerur bolsa, geleşik bir taraplaýyn hem baglaşylyp bilinýär.

Mysal hökmünde käbir ýurtlaryň tejribesinde wesýetnamanyň ýa-da mirasdan ýüz öwürmek baradaky arzanyň birtaraplaýyn geleşik hasaplanýandygyny görkezmek bolar. Ýokrdakylardan ugur alanymyzda, her şertnamany geleşik diýip atlandyryp bolýandygyny, emma, her geleşigiň şertnama bolup durmaýandygy baradaky netijä gelip bileris.