Halkara töleg ulgamlary barada

Ýokary tehnologiýalaryň kömegi bilen hasaplaşyklaryň geçirilişi gitdigiçe aňsatlaşýar we tizleşýär. Halkara töleg ulagmlarynyň üsti bilen pul hasaplaşyklarymyzy geografiki ýerleşýän ýerimize garamazdan amala aşyrmaga giň mümkinçilikler bar. Meselem, häzir biziň bir telekeçimiz Türkmenistanyň bankyndan, Afrikanyň islendik bir bankyna tölegi sanly minudyň içinde geçirip biler. Emma, puly bankdan geçirmän özi ýany bilen äkitmek islän ýagdaýynda, oňa bir näçe gün gerek bolar, howupsyzlyk bolsa goşmaça alada.

Ýakyn wagta çenli, halkara töleg ulgamy diýlende esasan banklaryň üsti bilen amala aşyrylýan SWIFT ulgamy arkaly halkara hasaplaşyklar göz öňüňe gelýärdi. Esasan hem geçen asyryň ikinji ýarymyndan soň American Express, Visa, Mastercard we beýleki halkara bank kartlary ownuk söwda we beýleki amallar üçin halkara derejede giňden ulanylmaga başlandy. RBR kompaniýasynyň hasaplamalaryna laýyklykda 2017-nji ýylyň ahyryna ýerýüzünde dolanyşykda jemi 15 mlrd. sany bank karty bar bolup, onuň agramly bölegini Unionpay (44%), Visa (21%), Mastercard (16%) halkara bank kartlary eýeleýär.

Ýöne tehnologiýa bir ýerde durmaýar. Häzirki döwrde adamlarynyň aňyna elektron pul ýa-da internet pul düşünjesi hem pugta ornaşyp başlady. Banklaryň üsti bilen geçirilýän tölegler üçin adatça birnäçe minut gerek bolýan bolsa, elektron tölegler üçin birnäçe sekunt ýeterlik bolup durýar. Elektron söwdanyň ösmegi bilen bolsa bu ýagdaý has hem ýaýbaňlaýar.

Adaty banklaryň bazaryny gitdigiçe gysýan, N26, Atom, Monzo, Starling we şoňa meňzeş neo-banklar, Square, Stripe, Paypal, Transferwise we şoňa meňzeş bank däl töleg institutlary, SoFi, Kabbage, OnDeck karz platformalary, Google, Amazon, Facebook, Apple, Baidu, Alibaba, Tencent hem-de ýokary tehnologiýalary ulanýan uly firmalar, öň diňe banklar tarapyndan hödürlenýän käbir hyzmatlary müşderilere hödürleýärler. Netijede dünýäde banklaryň bu töleg ulagmlary bilen bäsdeşliginiň barha ýitileşmegine garaşylýar.