Maliýe sowatlylygy artdyrmak üçin okalmaly 5 kitap

Şowly telekeçi bolmak üçin köp kitap okamaklyk şertdir. Giň düşünjeli bolmak, giňişleýin pikir edip bilmek, tiz ýagdaýda çözgüt tapmak, bularyň hemmesi bilime esaslanýar. Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýazylan Paýhas çeşmesi kitabynda, “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora” diýlen setirleri bar, öz gezeginde bu setirler çuň pelsepä eýe bolsa gerek.

Şu nukdaý nazardan, biz size bu makalada telekeçi bolup pikir etmeklikde goşmaça peýda berjek dünýäde, iňlisçe aýdanymyzda “Best seller” bolan, okamak üçin 5 sany kitaplary hödürlemegi makul bildik.

1. Robert Kiýosaki. Baý kakam, Garyp kakam

Telekeçilige täze başlanlar ýa-da öz maliýe ýagdaýyny düýpli özgertmek isleýän adamlara maslahat berilýär. Adyna seredeniňde onçakly bir çynlakaý peýdaly kitaba meňzemese-de, maliýe-pul gatnaşyklary bilen baglanyşykly täzeçe garaýyş we aň-düşünje edinmek üçin peýdaly kitaplaryň biri hasaplanylýar. Kitabyň awtorynyň kitaplardan başga-da birnäçe telekeçilik bilen baglanyşykly wideoşekilli okuw-maslahatlary bar.

2. Napoleon Hill. Pikirlen we baýa

Kitabyň çap edilenine onlarça ýyl geçen hem bolsa okyjylaryň elinden düşmeýän kitaplaryň biri. Kitapda esasan baý we barly adamlaryň psihologiýasy öwrenilýär we ussatlyk bilen bu gazanylan tejribe okyjylara hödürlenýär.

3. Bodo Şefer. Maliýe taýdan garaşsyzlyga barýan ýol

Bu kitapda ýokardakylara garanyňda meselä has çuňňur we amaly taýdan çemeleşilýär hem-de maýa goýum işjeňligi we maýanyň emele getirilmegi ýaly temalar işlenilýär. Başgaça aýdanymyzda, bu kitapda ýokardaky kitaplardaky ýaly baýlygyň psihologiýasy barada däl-de, gysga wagtyň içinde maýa gazanmaklygyň ýollary we düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.

4. Tomas Stenli we Wilýam Danko.Meniň millioner goňşym

Bu kitap millionerler we olaryň ýaşaýşy hem-de durmuşy boýunça toplanan maglumatlara esaslanyp ýazylan. Ýagny, barly adamlaryň özüni alyp barşy, nähili we nirede ýaşaýandyklary, olaryň edim-gylyklary, durmuş endikleri we şuňa meňzeş birnäçe aýratynlyklary barada gürrüň berilýär. Bu kitaby okamak arkaly barly adamlaryň ýaşaýşyndaky we durmuşyndaky aýratynlyklar barada özüňizde täsir galdyrjak birnäçe açyşlara şaýat bolarsyňyz.

5. Dewid Krýuger. Puluň gizlin dili.

Bu kitap maliýe sowatlylyk boýunça has çylşyrymly kitaplaryň biri hasaplanylýar. Kitabyň awtory aslynda psiholog we psihoterapewt bolup, ol müşderilere (hassalara) şahsy durmuşda gabat gelýän maliýe kynçylyklardan halas bolmagyň ýollaryny salgy bermek bilen meşgullanýan adam. Ol köp ýyllaryň dowamynda adamlaryň durmuşynda şonuň ýaly kynçylyklaryň emele gelmeginiň sebäplerini we çözgütlerini öwrenen. Kitapda adamlaryň gazanç etmek barada nähili kararlary alýandygy, aluw-satuw işlerini amala aşyran mahalymyz başdan geçirýän duýgularymyzyň edýän täsiri, beýnimiziň bu ugurda nähili işleýändigi we şuňa meňzeş has çylşyrymly meseleler ýazylýar. Maliýe sowatlylyk derejesini has ýokarylara çykarmak isleýänlere maslahat berilýär.