Ýumşak oýunjaklaryň önümçiligi

Photo by Pixabay

Häzirki wagtda dünýä bazarynda, şol sanda Türkmenistanyň bazarynda hem ýumşak oýunjaklarynyň köp bölegini Hytaýly öndürijileriň önümleri tutýar. Bu önümçiligiň senagatlaşdyrylan görnüşine başlan telekeçi, bu görnüşdäki önümçiligi başlan ilkinjilerden bolmagy mümkin.

Ýumşak oýunjaklaryň hyrydarlary we alyjylary 3 ýaşdan ýokary bolan çagalar hem-de ýetginjekler hasaplanýar. Oýunjaklaryň görnüşleri barada aýtsak, bazarda köplenç mahmal oýunjaklara we mata gurjaklara isleg uly bolýar. Gelejekde öndürjek önümleriňiziň görnüşlerini döwrüň talaplaryna görä öndürmegiňiz söwdaňyza täsir eder. Döwrebap multfilmleriň personažlary muňa mysal bolup biler.

Biznes-meýilnama işlenende müşderileriň alyjylyk ukyplary hem göz öňünde tutulmaly, oýunjaklar arzan, hilli, ekologiki taýdan arassa materiallardan ýasalmaly.

Biznesi guramak

Biznesi gurnamak isleýän adam üçin, önümçiligi gurnamakda üýtgeşik tejribe gerek däl. Bu ugur boýunça iş tejribesi bolan ýa-da bu ugura düşünýän işgäri işe kabul etmeklik ýeterlik bolar.

Gerekli enjamlar: Tikin sehlerindäki enjamlardan ybarat: tikin maşyn, ütük, tikin stollar, lekala, gaýçy ýa-da ýörite kesgiç, keşde maşyn. Önümçilik iri bolsa dykgyç enjamy (oýunjaklaryň içini doldurýan enjam). Ýene-de gerekli goşmaça materiallar, dürli matalar, ýasama sütükler, furnitura- ilikler, plastikden gözjagaz, burun we ş.m. Oýunjaklaryň içini doldurmak üçin sintepon, pagta, tikinçilik sehleriň galyndy matalary ulanylýar (önümiň bahasynyň arzan bolmasyna täsirini ýetirer).

Önümçiligiň esasy tapgyrlary

Ýumşak oýunjaklar öndürilende ilki başda onuň şekili emele getirilýär, zerur bolan ýagdaýynda onuň ýüzine gerekli detallar tikilýär. Soňra oýunjaklaryň içi doldurylýar, tikilýär we onuň daşky görnüşi gutarnykly emele getirilýär.

Ýasaljak oýunjaklaryň lekalalaryny internetde tapsa bolar, eger siz öz gaýtalanmaýan şekiliňizi çykarmak isleýän bolsaňyz, onda dizaýneriň hyzmatyndan peýdalanmaly bolarsyňyz.

Önümçiligiň işgär sany 3-4 adamdan ybarat bolan ýagdaýynda: 1 adam matany kesmek üçin, 2 adam gerekli detallary dakmak we daşky görnüşini bezemek, 1 adam

oýunjaklaryň içini doldurmak üçin ulanylar. Dizaýner, buhgalter hyzmatyny outsorsing esasynda peýdalanyp bilersiňiz.

Ilki başdaky önümçilik möçberini 4-5 görnüşli oýunjaklardan ybarat bolan aýda 300-500 sany oýunjak öndürmeklikden başlamaklyk maslahat berilýär.

Marketing

Taýýar önümi ýerlemek nokatlary üçin; oýunjak dükanlary, bazarlar, internet ulgamy ulanylyp bilner. Bu görnüşdäki biznesiň düşewüntlilik möhleti, goýan meýilnamaňyzy ýerine ýetiren ýagdaýyňyzda bir – bir ýarym ýyl arasynda amala aşyrylar.