Emeli daşyň önümçiligi - owadan we elýeter

Soňky döwürlerde emeli daşdan ýasalan önümler örän uly meşhurlyga eýe bolýar. Emeli daş tebigy daşa seredeniňde arzan we berk hasaplanýar. Ol her dürli maksat üçin ulanylýar, ýagny binalaryň daşynyň bezegi, howuzlaryň bezegi, kamin we peçlerde, aşhanalarda we ş.m. ýerlerde ulanylýar.

Biznesi guramak

Emeli daşyň önümçiligini gönümel aýdanyňda “howlyňda” gurnasaň bolar, enjamlar üçin bolsa uly möçberde çykdajy zerur däl. Emeli daşy öndürmegiň iki sany usuly bar: wibro usulda guýmak we wibro usulda presslemek (dykyzlandyrmak). Wibrousulda guýmaklyklygy kiçi göwrümli önümçilik sehleri ulanýar, wibro usulda presslemek bolsa uly zawodlarda ulanylýar. Şoňa görä enjamlary hem gymmat bolmak bilen, önümiň özüne düşýän bahasy arzan bolýar.

Önümçilik meýdany üçin wentilýasiýasy bolan, elektro energiýa we suw üpjünçiligi bolan, meýdany 50 m2 ýer ýeterlik bolar. Işgär sany 2-4 adamdan ybarat bolup biler (işgärler ergini taýýarlamak, wibrostol bilen işlemek hem-de guratmak üçin gerek). Türkmenistanyň howa şertleri taýýar önümi guratma prosesini daşarda amala aşyrmaga gabat gelýär.

Emeli daş öndürmek üçin gerek bolan enjamlar

Gerek bolan enjamlar: betongaryjy, wibrostol, selikondan ýa-da poliuretandan galyplar (görnüş köp boldugyça gowy bolar), bişirmek üçin peç, guradyjy kamera (islege görä), terezi, ölçeýji gaplar we çemçeler, şpatel we ş.m. kömekçi esbaplar zerur.

Önümçiligiň esasy tapgyrlary

Galyplar wibrostoluň üstüne gurnalýar, soňra içine taýýar garyndy guýulýar. Wibrasiýa netijesinde galybyň içindäki garyndy deň derejede ýaýraýar, köpürjikleri, howany çykarýar. Garyndy 12-14 sagatda guraşýar, soňra doly guratmak üçin ýörite binanyň içine, bolmasa meýdana örülýär. Ýörite guradyjy otaglar bolan ýagdaýynda birnäçe sagadyň içinde, bolmasa iki hepdäniň dowamynda guraýar. Käbir görnüşli emeli daşlaryň bolsa bişirilmegi zerur bolýar.

Emeli daşlaryň käbir görnüşleri

- Keramogranit, kaoliniň (ak palçygyň) garyndysyndan ýasalýar. Kwars çägesi we pigmentler garylýar hem-de peçde bişirilýär. Bu görnüşli emeli daşlar berk, ýagny sowuga we gyzgyna çydamly hasaplanýar.

- Reňkli emeli beton, gury betondan ýa-da keramzit owuntuklaryndan, çäge, portland- sement, reňk berijiler, suw iteriji komponentleriň garyndysyndan ýasalýar. Daşyndan hakyky mermere çalymdaşlyk edýär.

- Akril daşy, akril şepbigi we minerallaryň goşundysyndan ýasalýar. Görnüşi boýunça hakyky mermere we granita meňzeýär. Aňsat ýuwulýar şeýle-de gyzgyn temperatura duýgur. Aşhana stollaryny ýasamak üçin ulanylýar.

- Aglomerat daşy, natural granidiň ýa-da mermeriň owuntyklaryndan, ýarymefir şepbik we pigmentler, kämahal reňkli aýna gylçaklaryň garyndysy garylyp ýasalýar. Görnüşi boýunça tebigy daşa ýakyn.

Marketing

Taýýar önümiň ýerlenjek nokatlary – gurluşyk dükanlar we bazarlar. Ilki başda önümiňizi reklama arkaly tanatmaly bolarsyňyz. Onuň üçin radio, gazet, internet giňişligini ulanmak mümkinçiligi bar. Maýa goýumyň özüni ödejek möhleti ortaça bir ýyla çenli we ýokary hasaplanýar.