Klining hyzmaty - mydama islegde

Adamlaryň ýaşaýan ýa-da işleýän her bir binasynyň içi hem-de daşy arassaçylyga mätäç. Diýmek, öýlerde, ofislerde, binalarda arassaçylyk hyzmatyna gündelik diýen ýaly isleg bar. Effektiw bolan döwrebap arassalaýyş enjamlary we himiki ýuwujy serişdeleri bilen üpjün bolup, öz işçi toparyňyzy düzüp, arassaçylyk hyzmatyny öz üstüňize alsaňyz näder? Arassaçylyk hyzmatyna häzirkizaman dili bilen aýdanymyzda “klining hyzmaty” hem diýýärler. Bu makalada biz, Türkmenistanda klining biznesini açmaklyk barada gürrüň ederis.

Klining hyzmaty barada gyzykly statistikalar:

  • Bu biznesde ýörite bilim ýa-da tejribe zerur däl;

  • Edara – kärhanalar arassaçylyk işi üçin ýörite işgär tutunman bu hyzmatdan peýdalanyp wagtyny hem-de puluny tygşatlap bilýärler;

  • Hyzmatyň bahasynyň arzandygy sebäpli, biznesi gysga möhletiň içinde ösdürmek mümkinçiligi bar;

  • Türkmenistanda binalar we ýaşaýyş jaýlar ýyl saýyn artýar, bu bolsa müşderi sanynyň köpelmesi diýmekdir;

  • Girdejisiniň möçberine garamazdan ähli kişiler arassaçylyga mätäç;

  • Bu hyzmatdan peýdalanmak isleýän adamlar, özüniň arassaçylyk işini geçirmäge wagty bolmadyk kişiler, olaryň aglaba bölegi şäher ýerleriniň ýaşaýjylary.

Işe nähili başlamaly ?

Başlajak biznes işiňiziň tärini kämilleşdirmek we ukybyňyzy artdyrmak üçin, ilki başda tehniki enjamlary we ýuwujy himiki serişedeleri ulanmak arkaly, mugtyna garyndaşlaryňyzyň, goňşularyňyzyň ýa-da tanyş- bilişleriňiziň öýlerini tämizläp berip bilersiňiz. Bu, birbada siz üçin tejribe hem-de reklama bolar. Talap edilýän başlangyç maýanyň möçberi uly däl, satyn alynmaly esbaplar, tozan sorujy enjam, süpürgiçler we ýuwujy himiki serişdeler.

Biznesiňizi hukuk taýdan resmileşdirmeklik, size durnukly müşderileri üpjün eder. Firmalara we telekeçilere, edilen işiň hasaplaşygyny bankyň üsti bilen nagt däl geçirmeklik amatly bolýar.

Biznesi hukuk taýdan resmileşdirmeklik üçin, iň aňsat we tiz usuly telekeçilik işini açmaklyk maslahat berilýär. Öz ýazga duran etrabyňyzdaky salgyt bölümine pasportyňyz bilen arza arkaly ýüz tutuň.

Klining biznesindäki ugurlar

Gurnajak biznesiňizi göz öňüne getirmek üçin, size sanaw hödürleýäris, bu ugurlaryň her biri aýratynlykda çemeleşmekligi hem-de aýratyn taýýarlygy talap edýär:

  • Gündelik geçirilmeli arassaçylyk hyzmaty;

  • Düýpleýin geçirilmeli arassaçylyk hyzmaty;

  • Bejergi işlerinden soňky arassaçylyk hyzmaty;

  • Ýangyn we beýleki hadysalardan soň dikeldiş we arassaçylyk hyzmaty;

  • Wentelýasiýa we turba ulgamynyň arassaçylyk hyzmaty;

  • Aýna we aýna önümlerini ýuwmak hyzmaty;

  • Ýumşak mebelleriň arassaçylyk hyzmaty;

  • Mramorlaryň we gaýry gatylyklaryň ýüzüni ýuwmak we ýylmamak hyzmaty;

  • Halylardaky tegmilleri aýyrmak we ýuwmak hyzmaty;

  • Himiki ýuwujy serişdeleri ulanmak arkaly, laminatlary we parketleri arassalamak hyzmaty;

  • Howuzlary arassalamak hyzmaty.

    Biznesi ösdürmek

Işe täze başlaýanlar üçin, biznesi ösdürmek işiň iň kyn tarapy hasaplanýar. Bu günki günde, Türkmenistanda telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň artýandygy sebäpli, biznesiň ähli ugurlary hem bäsdeşlige ukyply. Täze işe başlaýanlara bazara girmek üçin wagt gerek bolýar. Eger siz, işiňizi yhlas bilen ýerine ýetirip, işiňiziň hiline üns berseňiz, onda siz üçin mydama müşderi tapylar.

Biznesiňiz üçin, täsirli we ýatda galjak at tapyň we logotip ýasanyň, munuň üçin dizaýneriň kömeginden peýdalanmaly ýa-da ýöriteleşdirilen internet saýtda özüňiz hem ýasap bilersiňiz. Gündelik internet toruna girýän adamlaryň sany - sajagy ýok. Türkmenistanda iň meşgur saýtlarda sosiýal torlarda öz reklamaňyzy goýuň. Internet torundaky reklama siziň önümiňiz bilen gyzyklanýan müşderileriň köpelmesine sebäp bolar. Siziň hyzmatyňyz tiz tanalar .

Biznesi başlamak üçin çykdajylaryň sanawy:

Biznesiň göwrümine garamazdan, zerur bolan abzallar üçin başlangyç maýa gerek bolýar olar:

  • Tozan sorujy enjam (Pylesos);

  • Tämizlik esbaplary (mata-marlyk, gubka, şwabra, bedre, şetka, rezin şwabra, rezin ellikler);

  • Ýuwujy himiki serişdeler;

  • Siziň adyňyz we logotipiňiz bilen dikilen ýörite geýim (uniforma);

  • Beýleki gerek bolan esbaplar;

  • Siziň reklamaňyz we salgyňyz goýlan bukletler.

Bu biznesde, üstünligiň syrlaryndan biri, özüňiziň we işgärleriňiziň mydama tämiz geýinmegindedir. Müşderileriň arasynda at-abraýyňyzyň bolmasyny, olarda siz hakda oňyn duýgularyň galmasyny isleýän bolsaňyz onda, arassa, ykjam uniformada bolmagyňyz şertdir. Müşderiler sizi synlaýandygyny ýatdan çykarmaň, hyzmatyňyzdan ýene-de peýdalanmak üçin olaryň indiki gezek size jaň etmesi ýa-da öz tanyşlaryna hödürlemesi, size tabşyrylan işi başarnykly alyp çykyşyňyza baglydyr.

Biznesiňizde üstünlik arzuw edýäris!