Kruassan önümçiligi - tagamly ertirlik

Kruassan - fransuz dilinden “Ýarym aý” diýlip terjime edilen, ýagny şekili ýarym aýa meňzeş gatlanan hamyrdan bişirilen konditer önümidir. Onuň içine huruş hem salnyp taýýarlanýar. Kruassanlar ertirlik üçin iň lezzetli tagamlaryň biri hasaplanýar. Biz bu makalada size öz söwda markaňyz bilen kruassan önümçiligini ýola goýmak boýunça biznes ideýany hödürlemegi maksat edindik.

Biznesi guramak

Eger siziň serişdeleriňiz önümçiligi enjamlaşdyrylan görnüşde ýola goýmaga ýetmeýän bolsa, onda önümi elde öndürmek hem mümkin bolar. Munuň üçin aýratyn köpräk el güýji zerurdyr. Önümçilik enjamlaşdyrylan ýagdaýynda onda 1-2 adamyň kömegi ýeterlik bolýar. Enjamlaşdyrmagyň başga-da oňyn tarapy, goşmaça önümleri köpeltmäge hem mümkinçilik döreýär.

Önümi täze, ýaňy bişirilen görnüşinde ýa-da gaplanan görnüşinde satmaklyk mümkin. Ýaňy bişirilen görnüşinde satmaklyk köpçülik ýerlerde ýola goýulsa ýa-da ertirlik hökmünde ýaşaýyş toplumlardaky dükanlara hödürlense alyjylar tapylar. Eger gaplanyp satylýan bolsa, onda oňaýly gaplanan görnüşde, yzygiderli üpjün etmek şerti bilen marketlere hödürlenip bilner. Esasy zat kruassanlaryň görnüşleriniň her dürli assortimentiniň önümçiligini ýola goýup, önümi reklama edip bilmekdir.

Enjam we çig mallar

Eger her dürli görnüşdäki kruassanlary köp mukdarda öndürýän önümçiligi ýola goýmak isleýän bolsaňyz, onda size enjam gerek bolar. Munuň üçin hamyry kesýän we şekillendirýän ýörite enjamlar bolýar. Enjamlaryň önümçilik kuwwaty enjama baglylykda sagatda 500-den 3000 çenli önümi bişirýär.

Gerekli çig mallar: un, margarin, şeker, duz, ýumurtga, hamyrmaýa. Eger huruş goşulan ýagdaýynda onda etli, müröpbeli, miweli, gök önümli we islege görä her dürli bolup biler.

Önümçilik tehnologiýasy

Ilki başda hamyry garýarlar (elenen un, eredilen margarin, hamyrmaýa garyndylary, duz şerbetli sowuk suw). Soňra, hamyr böleklere bölünýär. Hamyr bölekleri 20 minuda golaý ýyly ýerde saklanýar. Soňra bolsa hamyr gatlanýar, sowadylýar we şekil berilýär. Peçe salynmazdan öň, önümiň taplanmasy üçin sähel wagt saklanyp soň salynýar. Iň soňky tapgyr taýýar önümi gaplamak bolýar. Önümiň gabynyň dizaýni ýagny daşky şekili we özüne çekijiligi owadan we işdä açar şekilde bolmasy önümi meşhur etjek esasy şertleriň biridir.