Makaron önümçiligi-hemmelere gerek bolan önüm

Köp ýurtlarda makaron önümleri ulanylşy boýunça ilkinji orunda durýan azyk önümleriniň hataryna girýär. Olaryň saklanyş möhletiniň uzaklygy, ýokumlylygy, bahasynyň amatlylygy, et bolsun gök-önüm bolsun hemmesi bilenem sazlaşýandygy sebäpli, bu azyk önüm gündelik sarp edilýän önüm hasaplanýar.

Eger siziň önümçilige başlamak niýetiňiz bar bolsa, onda ilkinji nobatda önümiň hiline uly üns bermeli bolarsyňyz. Biznes - meýilnama düzen ýagdaýyňyzda potensiýal alyjylardan ugur almaly, bazarda näme önüme isleg bildirilýändigi barada maglumat eliňizde bolmaly.

Makaron önümleriniň görnüşleri

Makaron önümleri bahasy boýunça birnäçe topara bölünýär: Ekonom – klass, ölçegli makaronlar, bular bugdaýyň ýumşak görnüşlerinden öndürilýär. Gymmat görnüşi – gaplanan görnüşli, bu makaronlar polietilen gaplarda orta görnüşli hasaplanýar. Bu makaronlar ýokary hilli bugdaý unundan öndürilýär.

Şekilleri boýunça makaronlar dürli görnüşli bolýar: spagetti, “kebelek”, “balykgulak”, “ýelek” we ş.m görnüşli bolýarlar. Önümçiligiňizde milli türkmen aşhanasyndan ugur almak hem peýdaly bolar unaş, lagman, belke we ş.m. önümler.

Önümçiligi guramak

Önümçilik meýdanynyň ölçegi 200 m2 az bolmaly däl. Meýdanda seh, çig malyň ýeri, taýýar önümi we esbaplary goýmak üçin ýer. Suw üpjünçiligi, howalandyrma, girelge ýollaryna hem şert döredilmeli.

Makaron önümlerini öndürýän enjamlar awtomat we ýarymawtomat görnüşinde bolýar. Öndürijilik kuwwaty boýunça ortaça awtomat görnüşleri sagatda 500 kg, ýarymwatomat görnüşleri sagatda 100 kg çenli makaron önümlerini öndürmäge ukyply bolýar. Doly awtomat bolan enjamyň düzümine şu aşakdakylar girýär:

- elek,

- ölçeýji,

- press,

- birnäçe sany geçiriji lentalar,

- guradyjy konweýer,

- sowadyjy,

- bunkerler,

- gaplaýjy enjam.

Ýarymawtomat bolan enjamlar göwrümi uly bolmadyk önümçilik üçin bolar. Makaron önümlerini öndürýän göwrümi kiçi bolan mini – zawodyň düzümine bolsa şu aşakdakylar girýär:

- un elek

- hamyr garyjy

- burumly basyş (şnekowyý press)

- guradyjy şkaf

- gaplaýjy enjam

Makaron önümçiliginiň esasy tapgyrlary

Ilkibaşda mehaniki usul bilen un ykjam elekden geçirilýär. Soňra bolsa magnitiň kömegi bilen demir bölejiklerden arassalamak üçin gaýtadan elenýär we netijede hamyr garylýar. Ýönekeý bolan makaronyň hamyryna un, suw, ýumurtga (ýumurtga tozgasy) we duz, kämahal süýt we reňk berijiler, reňkini sarylatmak üçin beta-karotin hem goşulýar. Hamyry elastiki ýagdaýa getirmek üçin ykjam garylýar we sähel gyzdyrylýar. Soňra guradylýar we kesmek üçin goýberilýär.

Taýýar önümler ýörite şkaflarda guradylýar, soňra 4-5 sagadyň dowamynda ýetişýär. Guratma prosesi hem öz başyna bir mesele bolmak bilen, önümler doly guradylmasa heňleýär, ýa-da aşa guradylsa ýaryk-ýaryk bolýar. Soňra görnüşi boýunça owadanlary saýlamak üçin gözden geçirilýär we gaplamaga ugradylýar.

Marketing

Eger önümiňizi orta we ýokary hilli bolan makaronlardan öndürjek bolsaňyz, elbetde size logotip, at zerurdyr. Gaplaryň daşyny dizaýn tarapyndan gelşikli, özüne çekiji etmeklik söwdanyň esasy syrlaryndan biridir. Işiňiz ugrugan ýagdaýynda goýulan maýanyň yzyna alynmasy 1,5-2 ýyla çenli dowam eder.