Sabyn önümçiligi - döwrüň talaby

Biz bu makalada sabynyň käbir görnüşleriniň uly senagat görnüşinde däl-de, öý şertlerindäki önümçilik mümkinçilikleri barada gürrüň ederis.

Esasy ýörgünli sabynlar – bular hajathana, hojalyk, çaga üçin sabynlardyr. Aýratynda suwuk sabynlara hem uly isleg bardygyny bellemek gerek.

Sabyn önümçiliginiň prosesi

Sabyn önümçiliginiň iň aňsat usuly ony eretmek arkaly ýasamaklyk. Munuň üçin sabyn özeni (sabyn özeni barada aşakda gürrüň ederis), böleklere kesilýär ýa-da gyrylýar soňra bolsa suw gazana atylýar we doly ereýänçä gaýnadylýar. Indi, gazanyň içindäki suwuklyk doly eräp bulanyk görnüşe gelenden soň, içine reňk we ys berijiler atylýar soňra şekilli galyplara guýulýar we 4-5 güne çenli gataýança saklanylýar. Bu usuldaky önümçilik, senagat görnüşli bolman arzan we ýönekeý görnüşdäki sabyn önümçiligidir.

Sabyn özeni

Sabyn özeni - bu hemmelere mälim bolan, taýýar, ýönekeý, arzan hojalyk sabynydyr. Onuň düzüminde arassalanan haýwan ýagy (ösümlik ýagy bilen hem bolup biler) kaustiki soda, suw we duz bolýar. Sabyn özenini taýýarlamak üçin, başda gaýnag suwda haýwan ýagy eredilýär we kaustiki soda bilen garylýar yzy bilen gazanyndaky suwy yzygiderli bulanýar 20 % duz ergini guýulýar. Suw azaldygyça goşmaça suw guýulýar. Birnäçe wagtdan suwuň ýüzünde goýy bölekler – ýagny sabyn özeni emele gelip başlaýar. Ýaňky goýulaşan bölekleri gazandan süzüp çykaryp gaplara guýulýar we 4-5 gün saklanýar, gatan bölekleri dörtburç böleklere kesilýär.

Suwuk sabyn önümçiliginde bolsa, kaustiki soda däl-de, kaliý goşulýar we duz ulanylmaýar.

Sabyn üçin çig malyň taýýarlanylyşy​

Ýokarda agzalyp geçilen haýwan ýagyny taýýarlamak kyn däl. Munuň üçin, ýagy berk mata haltalara salyp daňmaklyk gerek. Yzy bilen, içi ýagly halta gaýnag suwly gazana atylýar. Suwa bolsa öňünden, duz hem-de zäk goşulýar (bir litre 5gr duz 2 gr zäk). Suw gaýnadygyça ýagly haltadan garyndysyz arassa ýag süzülip çykýar, muny hem suwuň ýüzünden süzüp alyp sowadylýar. Indi sabyn üçin taýýar çig mal garaňky we salkyn ýerde uzak möhletläp saklanyp bilinýär.

Sabyn önümçiligi üçin tehniki talaplar

Uly bolmadyk göwrümdäki sabyn önümçiligini guramak üçin, suw gazany, garyjy enjam, sabyn özeni üçin gaplar, sabyn üçin galypjyklar we kesgiç.