Süňk uny-galyndysyz önümçilik

Süňk ýa-da etli süňk ununyň önümçiligi, düýbinden diýen ýaly galyndysyz önümçilik bolmak bilen çäklenmän, üstesine ol, adatça zyňylýan süňkleri ýa-da eti gaýtadan işleýän zawodlaryň galyndylaryny: süňkleri, siňirleri, içki organlary gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Süňk uny, haýwanlardan alynýan belogyň gymmatly tebigy çeşmesi bolmak bilen, towuk, gaz, bedene, towşan we balyk önümçiliginde ulanylýan kombikorm iýmiň, şeýle hem, it, pişik ýaly haýwanlaryň iýmit önümçiliginde ulanylýan maddadyr.

Önümçiligi gurnamak

Bu önümçilik ekologiýa taýdan arassa, gurşawa zyýan bermeýän tebigy dökündir. Önümçilik prosesiniň ýaramaz ysynyň bar bolany üçin sehi ýaşaýyş jaýlaryndan uzakda bolmalydyr. Enjamlaryň köp ýer tutýandygy üçin, önüm öndürilýän desga giň bolmaly we howa çalşygy gowy gurnalan bolmaly. Çig mal we taýýar önümleri saklamak üçin niýetlenen ýer jaý göz öňünde tutulmalydyr.

Önümçilige başlamazdan ozal önümçilik bellenilen tertipde döwlet edaralarynda hasaba goýmaly we sanitariýa we epidemiologiýa edaralaryndan ýörite rugsat almaly. Işgärlerden her çalşyk üçin 2 sany işgär, buhgalter, tehnolog we weterinar bilimli hünärmen zerur. Bu görnüşdäki önümçilik ortaça alanyňda pesinden 2 ýylda özüni ödeýär.

Önümçilik enjamlary

Süňk ununy öndürmek üçin niýetlenen enjamlar adatça gymmadyrak bolýar, hatda günlik 3 müň kg çenli göwrümli kiçi liniýalar hem şonuň ýalydyr. Zerur enjamlaryň arasynda şulary görkezmek bolar – ýörite süňk döwüji, çig mallary elekden geçirmek üçin süzgüç, süzgüçli sentrifuga, kesiji, guradyjy, konweýer, taýýar çig mal üçin nasos. Önümçilik enjamlarynyň gymmatdygy (şol sanda ulanylanlar hem) sebäpli köp öndürijiler taýýar enjamlary satyn almagyň ýerine, bar bolan materiallardan özbaşdak önümçilik liniýalaryny gurnaýarlar.

Önümçüligiň esasy tapgyrlary

Patogen mikroblaryň we wiruslaryň aglaba bölegi önümçilik prosesinde ölýändigine garamazdan, çig mallar weterinar lukmany tarapyndan öňünden barlanýar.

Soňra çig mallar ýagny; damarlar, süňkler, deriniň bölekleri we şoňa meňzeş agzalar ýörite bunkere zyňylýar we üwelýär. Alnan garyndyny ýumşatmak üçin birnäçe sagatlap gaýnadylýar.

Soňra gaty fraksiýalar ýagdan we çyglylykdan aýrylýar, guradylýar we üwelýär. Netijede çal-goňur reňkli, etiň ysy gelýän menekli un emele gelýär. Taýýar önümler polietilen paketlere gaplanýar we ammara iberilýär. Süňk ununyň saklanyş möhleti 6 aýdan köp däldir.

Önümçilik prosesinde bölünip çykarylan ýag, öz gezeginde maldarçylykda ulanylaýn iýme goşundy hökmünde we şeýle-de it we pişik iýmitini öndürmekde hem ulanylyp bilner.

Önümi ýerlemek

Süňk ununy satyn almaga esasan maldarlar, guşçylyk we balyk hojalygynyň eýeleri, tohum itleri we pişikleri köpeltmek bilen meşgullanýanlar, daýhanlar, haýwanat baglary isleg bildirýärler. Süňk ununa uly göwrümli kärhanalar, öý hojalyklary tarapyndan hem gyzyklanma bildirilýär. Önümi lomaý haryt bazarlarynda, ýörite dükanlarda we öý haýwanlary satylýan dükanlaryň üsti bilen ýerlemek bolar. Harydy Daşary ýurda eksport etmek hem mümkinçiligi bar.

Amala aşyrylmaly işler dogry meýilleşdirilse we oýlanyşykly önümçilik we marketing strategiýasy yzarlansa süňk ununy öndürmek durnukly girdeji getirip biler.