Gazanç çeşmesi nähili görnüşlerde bolýar

Soňky döwürlerde telekeçilik işini guramak boýunça okuw maslahatyny berýän bilermenleriň, iňlisçe Business Coach diýilýän adamlaryň, köplenç girdejini aktiw we passiw görnüşinde ikä aýyrýandyklaryna şaýat bolýan bolsaňyz gerek. Öz girdejiňiziň haýsy görnüşdedigi barada pikir etdiňizmi?

Wagtyňyzy we zähmetiňizi sarp etmek arkaly gazanylan girdejä aktiw gazanç diýilýär. Muňa köplenç aýlykly işler ýa-da adam zähmetini talap edýän işler degişli hasaplanýar. Passiw gazanç bolanda, maýa goýum arkaly gazanylýan girdeji göz öňünde tutulýar. Meselem, emlägi kärendä bermek, paýa girmek ýa-da gymmat bahaly kagyzlary satyn almak, bankda göterim tölegli depozit hasaby açmak, dürli başlangyçlary ýagny startaplary maliýeleşdirmek hasaplanýar.

Elbetde her ikisiniň hem oňaýly taraplary bar; Aktiw gazanç bilen meşgullanýan bolsaňyz öz ukyp-başarnyklaryňyzy ýüze çykarmak, iş karýerasyny gurmak, jogapkärli wezipeleri eýelemek, tejribe edinmek ýaly oňyn taraplary bar.

Passiw gazanç bilen meşgullanmak üçin ilkinji nobatda maýa gerek bolýar. Aýratynlygy erkin iş şerti bilen tapawutlanýar, emma töwekgelçiligi gaty ýokary bolýar. Maýa goýum işinden ýa-da pul ýatyrmak isleýän biznesiňizden baş çykarmasaňyz ýitgä uçramaklyk ýaly howplar döräp bilýär. Eliňizdäki erkin maýaňyzy dogry ugrukdyran ýagdaýyňyzda girdejilerňiz artmak bilen bolýar.