Almanyň eksporty

Alma iň meşhur we süýji miweleriň biri hasaplanýar. Taryhy çeşmelere görä, almanyň mekany Merkezi Aziýa diýilýär. Hat-da, köp halklaryň dininde we ynanjynda-da bu miwe orun eýeläpdir, galyberse-de, Adam Ata we How Enäniň almany dadyp görüp, jennetden kowlan rowaýatyny eşitmedik az bolsa gerek.

Häzirki wagtda dünýäde 7500 töweregi almanyň görnüşleri bar. Dürli agaçlardan, dürli tagamly miwäni almak üçin oba hojalygyň soňky tehnologiýalary ulanylýar. Her ýyl dünýäde onlarça million tonna alma öndürilýär, bu önüme bazarda bolan isleg pese düşmez diýiip 100 göterim güwä geçilýär.

Türkmenistanda iň meşhur we süýji hasaplanýan almalar, Köpetdagyň eteginde ýetişýän, “Çüli” almalary hasaplanýar. Tebigy taýdan arassa ekologiki şertlerde ýetişdirilýän bu almalar dykyzja, örän süýji we suwly häsiýete eýedir. Bu almalar bilen içerki bazarlar hem üpjün edilýär.

Bazarlarda görşüňiz ýaly almalar ýylboýy üpjün edilýär, emma hasyl möwsümi tutuş bir ýyllap dowam edip bilmeýär, bu diýmek satlyga niýetlenen almalar ýygylyp saklanýar. Olar temperaturanyň derejesini awtomat görnüşine sazlaýan ammarlarda ýa-da otaglarda görnüşini we tagamyny ýitirmän saklanýar. Hat-da, syn edip gören bolsaňyz, bazardan satyn alan almalarymyz ýönekeý aşhanadaky holodilnikde aýlap saklanyp bilinýär.

2019-njy ýylda dünýäde alma eksportynyň pul dolanşygynyň möçberi 7 milliard ABŞ dollaryna barar boldy. Şol sanda iň uly on sany eksport eden ýurtlar;

Hytaý - 1,2 mlrd. 17.8%,

ABŞ - 961,6 mln. 13,7%,

Italiýa - 841,2 mln. 12%,

Çili - 602,9 mln. 8,6%,

Täze Zelandiýa - 566,6 mln. 8,1%,

Fransiýa - 433,6 mln. 6.2%,

Günorta Afrika - 374 mln. 5,3%,

Polşa - 367,3 mln. 5.2%,

Gollandiýa - 239,2 mln. 3,4%,

Ýaponiýa - 133 mln. 1,9%,

Ýurtlaryň sanawy 100 çenli dowam edip biler.