Guýma doňdurmanyň önümçilgi - tomusky arzuw

Göwrümi uly bolmadyk çykdajysy az bolan guýma doňdurmanyň önümçiligi barada gürrüň etsek, işe başlamazdan ozal telekeçi işini resmileşdirmegiňiz zerur, onuň üçin etrabyňyzyň salgyt bölümine ýüz tutmaly, şeýle-hem sanitar kitapçasyny resmileşdirmeli bolarsyňyz.

Türkmenistanyň territoriýasynyň köp böleginde howanyň gyzgyn möwsümi 6 aýa çenli dowam edýär, gyşyna bolsa maýyl temperatura agalyk edýär. Netijede tutuş ýylyň dowamynda doňdurma bolan isleg bolýar. Satyşyň göwrümi mekdep we dynç alyş möwsümlerinde hem-de baýramçylyklarda has hem artýar.

Guýma doňdurma - söwda ýerinde öndürilýän, tekerjikli enjamlarda satylýan önüm. Onuň taýýarlanyş tehnologiýasyny tejribesi bolmadyk islendik adam öwrenip biler - onuň ýasalyşy, taýýarlanan ýörite garyndyny tiz doňdurýan rezerwuara guýmakdan ybarat, bir näçe minudyň içinde garyndy satmak üçin taýýar önüme ýagny doňdurma öwrülýär. Bu biznesi özňiz ýa-da işgär tutup hem işledip bilersiňiz.

Tehniki talaplar

Enjamlardan size gerekli boljak bu frizer enjamy – bu enjam, ýörite garyndyny doňdurma öwrüp 50-100 grammdan “guýup” satmak üçin niýetlenen. Frizerler öndürijiligi boýunça (sagatda 10 litrden 50 litre çenli), silindiriň sany (gaplaryň giňligi), pasterizasiýa mümkinçiliginiň barlygy bilen tapawutlanýarlar. Iň ýörgünli doňdurmalar - bu şokolad we plombir görnüşli doňdurmalardyr. Şonuň üçin hem enjamyňyz 3 pompaly iki silindirli bolan ýagdaýynda doňdurmalaryň şokolad, plombir we garyşdyrylan görnüşini satmaga mümkinçilik bolar.

Taýýarlaýyş tehnologiýasy

Çig mal hökmünde doňdurmanyň düzüminde tebigy süýt ýa-da gury süýt, süýt ýagy ýa-da ösümlik ýagy, şeker ýa-da ornuny tutujy ulanylýar. Ýene-de çig mal hökmünde taýýar gury bolan garyndylary hem ulanyp bilersiňiz. Islendik garyndy hem silindirlere guýulmazdan öň suw bilen garyşdyrmaly we süzülmelidir. Garyndyny özüňiz ýasap bilersiňiz, emma iň gowusy mümkinçilik bar bolsa süýt kombinatlardan taýýar garyndyny satyn almakdyr. Bakteriýalardan, ys-kokdan uzakda bolmak üçin enjamlary hepdede 2-3 gezeklik doly ýuwmak maslahat berilýär.

Doňdurmanyň guýma görnüşinde satylýany üçin, kökä ýa-da plastik gapjagazlara guýup satýarlar. Işiňiz ugrugan ýagdaýynda gapdaly bilen köke taýýarlaýan enjam hem almak size goşmaça girdeji getirer.

Bu görnüşli doňdurma önümçiliginde zaýaçylyk bolmaýar. Onuň sebäbi - iş güniniň soňunda galan garyndyny täzeden gaba guýup alyp, ony sowuk ýerde saklap ertesi ýenede frizer enjamyna täzeden guýup satyp bilersiňiz. Doňdurmanyň ýaramlylyk möhletini, berjaý etmezlik maslahat berilmeýär.

Çykdajy maddalarynyň içine, meýdany kärendesine almak, işgäriň aýlyk zähmet haklary hem girýär.

Marketing

Işimizde reklama çäreleri hem artykmaç bolmaz – bu ýerde siz özüňiziň fantaziýaňyza gerim berip özüňize at we täsirli logotip düzüp bilersiňiz. Mahabaty sosial torlarda we internetde goýbermek hem işiňize itergi berer. Iri söwda nokatlarynda doňdurmaňyzy müşderiler tarapyndan mugt dadyp görmesi üçin çäreler gurnamak ilkibaşda uly goldaw bolup biler. Önümiň daşky görnüşi hem uly ähmiýete eýedir, ýatda galýan we beýlekilere meňzemeýän dolamaň üçin daşyň dizaýnyny döretseňiz hem bolar.

Biznesiňizde üstünlik arzuw edýäris!