Türkmenistanyň şäherlerinde tigirleriň prokadyny açmak

Türkmenistanda tigir sürmek bilen meşgullanýanlaryň sany gün saýyn artýar. Tigiri gündelik işi üçin däl-de, wagtal-wagtal sürmekligi halaýan adamlaryň köpüsi üçin tigiri kireýine almaklyk amatly bolýar, sebäbi tigiri satyn almak, aýratyn niýetlenen ýerde saklap oňa aýratyn ideg etmeklik goşmaça ýer hem-de çykdajy talap edýär. Eger olar ýaly bolýan bolsa onda tigiri kireýine berýän prokat gurnalsa näder?

Tigir prokady

Tigir prokady – isleg bildirýänlere, tigir bilen daş töwerekde gezelenç etmek üçin kireýine berilýän hyzmatdyr. Prokadyň müşderileri bolsa sagdyn durmuş alyp barýan ýa-da dynç wagtyny geçirýän adamlardyr. Prokadyň ýerleşýän ýeri, tigiri kireýine almak üçin amatly ýerde bolmagy zerurdyr. Adatça beýle ýerler, giň köçesi we trotuary bolan gözel tebigatly ýerler hasaplanýar.

Peýdaly statistika

- Aprel – oktýabr aýlar aralygy tigir sürme möwsümi hasaplanýar;

- Tigiriň idegi we saklanyşy düzgünine görä bolan ýagdaýynda, onuň ulanyş möhleti 5 ýyl hasaplanýar;

- Ýylda, dünýäde 50 milliona ýakyn awtoulag, 100 milliona ýakyn tigir öndürilýär;
- Köp ýurtlarda tigiri horlanmak üçin sürýärler. Stresiňi aýyrmak hem-de kaloriýaňy ýakmak üçin tigir sürmek maslahat berilýär;

- Tigir – iň el ýeter bolan transport serişdesi hasaplanýar;

-Aşgabatda welosiped sürüjileriň ilkinji jemgyýeti 1894 ýylda döredildi;
- 3-nji iýun Türkmenistanda halkara welosipetçiler güni diýip bellenilýar.

Biznesi gurnamak

- Biznesi açmazdan öň, öz ýazgyda duran etrabyňyzyň salgyt bölüminde hasaba durmaly we işiň görnüşi boýunça patent resmileşdirmeli.

- Kärende ýeri – kärende ýerini şäheriň ýaş bolan ýaşaýyş toplumlarynda ýa – da otelleriň töweregi turistleriň köp gezýän ýerlerinde açmaklyk maslahat berilýar. Siziň iň esasy müşderileriňiz ýaşlar we turistlerdir.

- Özüňiz üçin ýatda galyjy bolan brendiňizi dörediň. Saýlanyp duran brend, siziň bäsdeşleriňiziň içinde saýlanmagyňyza peýda berer.

- Prokadyňyzyň internet saýdyny dörediň hem-de saýdyňyzda gündelik size degişli täze habarlary we suratlary goýuň. Sosiýal torlarda öz reklamaňyzy köpräk ediň, bu size müşderi ýygnamaklyga peýda berer.

- Prokadyň ýany bilen, tigir esbaplarynyň söwdasyny gurnasaňyz hem bolar. Başgada azyk harytlary, dürli içimlik suwlaryny satmaklyk hem goşmaça girdeji getirer.

- Tigiriň gurnalyşy mehaniki düzümden ybarat bolany üçin, onuň hatardan çykan ýagdaýynda bejermek ýa-da öňünden ideg geçirip durmak üçin prokatda bir sany mehanigiň bolmasy zerurdyr. Tigirler wagtynda bejerilmese, müşderiler azalyp başlar we siziň biznesiňize zeper ýeter.

- Oteller bilen gürleşip, gelýän myhmanlar üçin owadan ýerlere tigirli syýahat çärelerini gurnaň.

- Reklama etmek maksady bilen, özüňiz baradaky bukletleri restoranlarda, kafelerde, otellerde hem-de ýaşlaryň köp bolýan ýerlerinde ýaýradyň.

Başlangyç maýa goýum

Tigir prokadynyň biznesini, köp bolmadyk möçberdäki maýa goýum bilen hem başlamak mümkindir, 20 tigirden ybarat bolan prokady göz öňüňize getiriň. Başlangyç maýa şu aşakdaky çykdajylara gerek bolar:

  • Tigirleri satyn almak üçin çykdajy. Satyn alynjak tigirleriň bahasyna däl-de hiline üns beriň. Bu biznesde tigiriň hili uly rol oýnaýar, tigir näçe gowy bolsa şonça-da az döwüler we az çykdajy edersiňiz. Ýene-de ýany bilen tigiriň esbaplary bolan şlem we kiçijik tigir gulplaryny hem almaklyk maslahat berilýär.
  • Işgärleriň zähmet haky çykdajysy. Prokatda bir sany mehanik hökmandyr. Tigirleriň hasabyny ýöredýän işgär hem gerek. Iş ugrukýança telekeçiniň özi ýa-da goşmaça işgär tutmaly bolarsyňyz.
  • Biznesi gurnamak üçin çykdajylar, olar internet saýtyny döretmek, logotip düzmek, reklama çykdajylarydyr,

Girdeji

Eger tigirleri, sagadyna 10 manatdan, günde ortaça 3 sagat kireýine berildi diýip hasaplan ýagdaýymyzda, 20 sany tigirden günlük ortaça 900 manat girdeji gazanarys. Baýramçylyk we dynç günleri ondan hem köp bolar. Bu hasaplama boýunça aýdaky girdejimiziň möçberi ortaça 27 000 manat bolar. Bulardan başga-da çykdajylar hem bar, çykdajylary öz hasabyňyz boýunça hasaplaň we peýdany görüň.

Biznesiňizde üstünlik!